«Agyn daýysy!»: Maýkl Jekson hakdaky filmiň täze treýleri görkezildi

  • 04.02.2026 07:55
  • 2.3k+

Lionsgate Movies kinokompaniýasy Maýkl Jekson baradaky terjimehal filmiň täze treýlerini hödürledi. Onda baş keşbi sazandanyň ýegeni Jafar Jekson janlandyrýar. Film ilkinji gezek kinoteatrlarda 24-nji aprelde görkeziler.
Täze film pop-aýdymçynyň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň berer. Ondaky aktýorlar düzümine Kolman Domingo, Nia Long, Maýls Teller, Lora Herriýer we başgalar girdi.
«Men ony taýynlykda görenimde, haýran galmakdan ýaňa demim tutuldy. Jafaryň merhum daýysynyň keşbine girişi, özgerişi örän täsin. Onuň zehini we Maýklyň keşbini janlandyryşy düýbünden başga bir derejedäki bir zat» diýip, aýdymçynyň kakasy Jo Jeksonyň keşbini janlandyran Kolman Domingo Jafaryň ussatlygy barada gürrüň berýär.
Filmiň režissýory «Sazlaýjy» («Великий уравнитель») we «Türgenleşik güni» («Тренировочный день») filmleri bilen tanalýan Antuan Fukua boldy. Filmiň ssenarisini ýazan «Oskar» baýragyna üç gezek dalaşgär bolan Jon Logandyr. 


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....