Adamlar biri-birine ynanmaýan syrlaryny emeli aňa ynanýarlar

  • 04.02.2026 00:51
  • 2.9k+

Täze barlaglar adamlaryň biri-birek bilen paýlaşýan, hatda kähalatda biri-birilerine aýtmaga-da dözmeýän syrlaryny emeli aňa ynanýandyklaryny ýüze çykardy. Fraýburg we Geýdelberg uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan geçirilen şeýle barlagyň netijeleri Communications Psychology žurnalynda çap edildi.
Ylmy barlaga jemi 492 adam gatnaşdy. Olar öz şahsy durmuşy, dostluk we başdan geçiren täsirli wakalary barada ýazyşdylar. Käbir gatnaşyjylaryň pikir alyşýanlary hakyky adam, käbirleriniňki bolsa emeli aň boldy. Adamlaryň bir bölegi garşysynda ýazyşyp oturanyň kimdigini bilseler, beýleki bir bölegi bihabardy. Alymlaryň maksady bolsa, şeýle ýagdaýyň duýgudaşlyga nähili täsir edýändigini öwrenmekdi.
Netijede, synag edilýän adamlarda garşysyndakynyň emeli aňdygyny bilmeýän wagty dörän duýgudaşlygy edil adamlaryň arasyndaky ýaly boldy. Hatda kä pursatda dagy emeli aňyň berýän giňişleýin we aç-açan jogaplary sebäpli, adamlar oňa has köp syrlaryny ynandylar. Söhbetdeşiniň adam däldigini öňünden bilen kişilerde bolsa duýgudaşlyk pes dereje görkezdi.
Jemgyýetçilik gatnaşyklary saglyga oňat täsir edýär diýlen pikire gulluk edýän bolsalar-da, alymlar munuň töwekgelçilikleriniň bardygyny-da duýdurýarlar. Meselem, professor Bastian Şiller emeli aňyň kem-kemden jemgyýetiň bir agzasyna öwrülýändigini we onuň goldaw ýa-da öjükdiriji güýç bolmagynyň gönüden-göni adamlaryň ony ulanyp bilşine baglydygyny aýdýar.
Doktor Tobias Klýaynert bolsa: «Emeli aň, ylaýta-da şahsy meselelerde ynam döretmäge ukyplydyr. Adamlaryň tebigy tarapyn seresaplylygy olaryň aňsat açylmagyna ýol bermeýär, emeli aňda bolsa beýle mesele ýok. Hut şu ýagdaý hem ony peýdaly ulanmaga mümkinçilik berýär, emma şol bir wagtda berk çäkleri hem talap edýär» diýip, bu hakda has içgin düşündiriş berýär.


04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

02.06.2026 13:03
4.2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....