Italýan kompaniýasy 1920-nji ýyllaryň ruhundaky 8 metrlik limuzini görkezdi

  • 04.02.2026 00:12
  • 7.1k+

Italiýanyň Aznom Automotive kompaniýasy Camal Design Studio bilen bilelikde uzynlygy takmynan 8 metre ýetýän L’Epoque atly premium limuzininiň konseptini tanyşdyrdy. Täze taslama iň kaşaň ulaglara alternatiw hökmünde hödürlenilýär.

Limuzini döredijiler 1920-nji ýyllaryň dabaralara şeýle-de döwlet gullugyna niýetlenen — Bugatti we Mercedes-Benz 770 modellerinden ylhamlanyp, olary döwrebap tehnologiýalar bilen gaýtadan işlediler. L’Epoque modeliniň uzyn kapoty, dik radiator gözenegi, ar-deko elementleri we korpusyň äpetligini görkezýän 30 dýuýmlyk tigirleri bar.
Esasy üns limuziniň  içerki dizaýnyna berlipdir. Adaty yzky oturgyçlaryň ýerine diwan, eplenýän kürsüler we merkezde mebel moduly ýerleşdirilipdir. Salonyň giňişligi butik-otel stilinde bezelipdir. Sanly ekranlar görer gözden gizlenen. Ulagyň içiniň howasyny, ýagtylygyny, hatda ysyny sazlamak hem emeli aňa esaslanýan sesli kömekçi arkaly amala aşyrylýar.

Tehniki taýdan ulagdyň her tigrinde bir, jemi dört sany elektromotor bolup, olaryň umumy güýji 1000 at güýjünden geçýär. Ýöriş aralygyny artdyrmak üçin generator hökmünde içinden ýanmaly hereketlendiriji ulanylýar. Ulagyň ramaly gurluşy we uýgunlaşdyryjy asma ulgamy onuň birsyhly rahat hereketini üpjün edýär.
Häzirki wagtda L’Epoque heniz üstünde işlenilýän täsin konsept bolmagynda galýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....