2026-njy ýylyň başyna görä IQ derejesi boýunça dünýä döwletleriniň reýtingi çap edildi

  • düýn 23:35
  • 798

International IQ Test guramasynyň täze hasabatyna görä, Günorta Koreýa ortaça intellekt koeffisienti boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Hasabat 137 ýurtdan we çäkden 1,2 million adamyň gatnaşmagynda geçirilen testleriň netijelerine esaslanýar.

Gözleg işinde ähli gatnaşyjylara intellektual ukyplary ölçemek üçin birmeňzeş tabşyryklar berildi. Sanawyň lideri bolan Günorta Koreýanyň ýaşaýjylary ortaça 106,97 ball topladylar.
Reýtingiň ilkinji üçlügini Aziýanyň ösen döwletleri eýeledi: Günorta Koreýa (106,97), Hytaý (106,48) we Ýaponiýa (106,3).
Sanawyň ilkinji onlugynda ýerleşen beýleki ýurtlar şulardyr:

  • Eýran we Awstraliýa degişlilikde 104,8 we 104,45 ball bilen dördünji we bäşinji orunlary paýlaşdylar.
  • Russiýa 103,78 ball bilen altynjy orunda ýerleşip, Singapurdan (103,56) we Mongoliýadan (102,61) öňe geçmegi başardy.
  • Ilkinji onlugy Täze Zelandiýa (102,35) we Wietnam (102,26) tamamlady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 101,04 ball bilen sanawyň 18-nji setirinde ýerleşdi. Gözlegleriň netijesine görä, iň pes intellektual görkezijiler Afrika yklymynyň käbir döwletlerinde hasaba alyndy. Reýtingiň iň soňky basgançagynda bolsa Somali ýerleşýär.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu gözleg dünýä ýurtlarynyň bilim we intellektual ösüş derejesini seljermäge ýardam edýär.z


18.01.2025 10:58
6k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sanyny tassyklady. Degişli resminama metbugatda çap edildi. Resminama...

26.10.2024 12:22
2.9k+

26-27-nji noýabrda Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar...

19.10.2024 12:46
4.4k+

Noýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar mälim edildi

Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa anna güni Hökümet mejlisinde...

22.09.2024 23:27
5.8k+

Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden bäsleşik geçirildi

18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp...