ABŞ-da ýene «şatdaun» başlandy: bu gezek hökümetiň işi bölekleýin togtadyldy

  • 01.02.2026 12:33
  • 9.5k+

31-nji ýanwardan başlap ABŞ-nyň hökümetiniň işi tassyklanan maliýe serişdeleriniň ýokdugy sebäpli bölekleýin togtadyldy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.
Hökümetiň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy Demokratik partiýanyň senatorlary Içerki howpsuzlyk ministrligini maliýeleşdirmek baradaky kanun taslamasyny goldamakdan boýun gaçyranyndan soň bolup geçdi. Muňa immigrant we serhet gulluklarynyň iş usullary sebäp boldy.

Demokratlaryň resminama ses bermekden ýüz öwürmegi sebäpli, Kongresiň aşaky palatasy beýleki döwlet edaralarynyň işini maliýeleşdirmek bilen bagly kanun taslamalarynyň uly bukjasyny wagtynda tassyklap bilmedi. Bu çözgütleri kabul etmegiň möhleti 30-njy ýanwarda, anna güni ýarygije tamamlandy.
Anna güni Kongresiň ýokary palatasy hökümeti maliýeleşdirmek barada kanun taslamasynyň ylalaşykly görnüşini makullady. Ýöne aşaky palata oňa diňe duşenbe güni, 2-nji fewralda seredip biler. Wekiller palatasynda orunlaryň aglabasy respublikanlara degişli bolansoň, resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar.
ABŞ-da mundan öňki şatdaun 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda bolup geçdi. Şonda hökümet düzümleriniň işiniň togtadylmagy 43 güne çekipdi we ýurduň taryhynda iň dowamly şatdaun boldy.


19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......