Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

  • 01.02.2026 12:21
  • 1.9k+

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar.

Kompaniýanyň resmi beýanyna görä, bahalaryň we işläp düzüjilere tölenýän tölegleriň gaýtadan gözden geçirilmegine ýerli salgyt kanunçylygyndaky üýtgeşmeler sebäp boldy. Täze baha syýasaty aşakdaky ýurtlara degişli bolar:

  • Merkezi Aziýa we GDA: Gazagystan, Russiýa.
  • Ýewropa: Finlýandiýa, Litwa.
  • Aziýa we Afrika: Türkiýe, Butan, Gana, Mawrikiýa we Zimbabwe.

Apple-iň wekilleriniň bellemegine görä, bu üýtgeşmeler işläp düzüjiler tarapyndan elde kesgitlenen bahalara täsir etmez. Şeýle-de, ulanyjylaryň eýýäm bar bolan we awtomatiki täzelenýän abunalarynyň bahasy üýtgewsiz galar.


düýn 16:33
2.7k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...