Alkaras we Jokowiç halys eden çekeleşikli oýunlardan soň Australian Open-iň finalynda duşuşar

  • 31.01.2026 09:29
  • 3.1k+

Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň lideri Karlos Alkaras Australian Open ýaryşynyň finalyna çykdy. Ispaniýaly tennisçi ýarym finalda Germaniýadan dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewi utdy.
Bu duşuşyk 5 sagat 27 minut dowam etmek bilen, ýaryşyň taryhynda iň dowamly oýun boldy. Alkaras ilkinji iki seti 6:4, 7:6 (7:5) hasabynda öz peýdasyna tamamlady. Üçünji tapgyrda ol damar çekmesi sebäpli lukmançylyk arakesmesini aldy. Zwerew üçünji we dördünji setleri taý-breýklerde utup, hasaby deňledi — 7:6 (7:3), 7:6 (7:4). Bäşinji setde hasap 5:4 wagty germaniýaly tennisçiniň oýny öz peýdasyna gutarmaga mümkinçiligi boldy, ýöne başarmady. Şondan soň Alkaras tapgyry 7:5 hasabynda utdy.

Ikinji ýarym final hem dartgynly ýagdaýda geçdi. Dünýäniň dördünji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiç çekeleşikli oýunda ATP reýtinginde ikinji orny eýeleýän italiýaly Ýannik Sinnerden üstün çykdy. Duşuşyk 4 sagat 10 minut dowam etdi. Netije serbiýalynyň peýdasyna 3:6, 6:3, 4:6, 6:4, 6:4 boldy.
Tennisçileriň arasyndaky şahsy duşuşyklaryň hasaby Jokowiçiň peýdasyna 6:5 boldy, şol bir wagtyň özünde Sinner  soňky bäş oýunda yzygider ýeňiş gazandy.

Indi aýgytly oýunda titul üçin Jokowiç bilen Alkaras göreşer. Özara duşuşyklarda Jokowiç 5:4 hasaby bilen öňde barýar.
Erkekleriň arasyndaky ýekelikdäki final duşuşygy 1-nji fewralda geçiriler. Australian Open möwsümde birinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolup, onuň baýrak gaznasy tas 75 mln dollara barabar.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......