Jeýms Webb garaňky materiýanyň iň takyk kartasyny döretdi

  • 30.01.2026 03:49
  • 1.2k+

Jeýms Webb kosmos teleskopunyň maglumatlaryny işleýän alymlar garaňky materiýanyň şu güne çenli döredilen iň takyk kartalarynyň birini düzdiler. Gözlegiň netijeleri Nature Astronomy žurnalynda çap edildi.
Täze karta — yşyk saçmaýan we görünmeýän maddyýet bolan garaňky materiýanyň adaty maddyýet bilen nähili baglanyşyklydygyny we  älemiň «kosmos karkasyny» (gurluşyny) nähili emele getirýändigini görkezýär. Alymlaryň berýän maglumatyna görä, bu kartanyň takyklygy öň,  Habbl teleskopunyň gözegçilikleri esasynda taýýarlanylan şu kysmy kartalardan iki esse ýokarydyr. Bu bolsa ägirt uly galaktika toplumlarynyň çäginde garaňky materiýanyň paýlanyşyny has anyk öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Gözleg işleri Sekstant we Ýolbars ýyldyzlar toplumyndaky asman giňişligini gurşap aldy. Bu meýdan doly Aýyň görünýän diskinden  2,5 esse çemesi uly meýdany tutýar. Gözegçilikler takmynan 255 sagat dowam etdi we bu wagtyň içinde 800 müňe golaý, käbirleri ozal ylma mälim bolmadyk galaktikalar hasaba alyndy.
Garaňky materiýanyň paýlanyşyny grawitasiýaly linzirleme  usuly arkaly dikeltmek başartdy. Bu usul  materiýanyň öz massasy bilen giňişligi büküşini we uzakdaky galaktikalardan gelýän ýagtylygyň ýoluny üýtgedişini öwrenmäge esaslanýar. 
Karta arkaly täze goýulyklar ýüze çykdy we netijede onuň gurluşynyň adaty materiýanyň paýlanyşy bilen tas doly gabat gelýändigi belli boldy.
Geljekde alymlar topary
Nancy Grace Roman teleskopunyň kömegi bilen has giň gerimli kartalary döretmegi meýilleşdirýärler.


düýn 10:51
796

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....