Eýesiniň yzyna özi düşüp ýörýän uçýan saýawan döredildi

  • 29.01.2026 16:22
  • 7.4k+

YouTube-daky "I Build Stuff" kanalynyň awtory, inžener Jon Sze ýagyş ýaganda adamyň yzyna özbaşdak eýermäge ukyply awtonom uçýan saýawan oýlap tapdy. Enjam dron tehnologiýalaryna esaslanyp bolup, adamyň depesinde pasyrdaýar we saýawany elde saklap durmak zerurlygyny aýyrýar.

Taslamanyň 2024-nji ýylda görkezilen ilkinji nusgalary pult arkaly elde dolandyrylýardy. Munuň oňaýsyzdygy sebäpli, inžener internetdäki abunaçylarynyň haýyşy boýunça ulgamy kämilleşdirdi. Täzelenenden soň saýawan adamy awtomatiki usulda yzarlaýar we onuň depesinden birnäçe metr beýiklikde hereket edýär. Munuň üçin kameralar, LiDAR sensorlary we Raspberry Pi mini-kompýuteri ulanylýar. Bu tehnologiýalar drona nyşany tanamaga we ony gözden ýitirmezlige mümkinçilik berýär.

"Eger bu taslama kämil boldy diýsem, ýalan sözledigim bolar, ýöne ol bize şatlyk getirmedi diýmek hem dogry däl" diýip, Jon Sze belleýär.

Inženeriň aýtmagyna görä, taslama heniz köpçülikleýin önümçilige taýýar däl we ony has-da kämilleşdirmek gerek. Jon Sze mundan ozal hem birnäçe täsin enjamlary döredipdi. Ol öz işleri barada YouTube kanalynda yzygiderli maglumat paýlaşýar.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....