7 trillion dollarlyk töwekgelçilik: ýapon obligasiýalarynyň peselmegi dünýä maliýe bazarlaryna wehim salýar

  • 28.01.2026 19:46
  • 7.6k+

Dünýäniň maliýe ulgamy Ýaponiýadan gelýän täze durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, «Bloomberg» habar berýär. Uzak wagtlap iň ygtybarly serişde hasaplanan Ýaponiýanyň 7,3 trillion dollarlyk döwlet obligasiýalar bazary häzirki wagtda global maliýe sarsgynlygynyň merkezine öwrüldi.
Geçen hepdede 40 ýyllyk obligasiýalaryň girdejililigi rekord derejä — 4%-e çenli ýokarlandy. 30 ýyllyk gymmatly kagyzlaryň girdejililigi bolsa bir günüň içinde göterim punktynyň dörtden bir bölegi mukdarynda üýtgedi — ozal munuň üçin aýlar gerek bolýardy. Ýaponiýanyň döwlet bergileriniň umumy gymmaty (kapitalizasiýasy) diňe bir günüň içinde 41 milliard dollar peseldi.
Bu sarsgynlaryň sebäbi hökmünde dördünji ýyl yzygiderli 2%-lik çäkden ýokary bolan durnukly inflýasiýa we Premýer-ministr Sanae Takaitiniň meýilnamalary görkezilýär. Ol 8-nji fewralda geçiriljek möhletinden öňki saýlawlaryň öňüsyrasynda uly býujet çykdajylarynyň boljakdygyny wada berdi, bu bolsa döwlet bergisiniň jemi içeri önüme (JIÖ) bolan gatnaşygyny 230%-e çenli ýokarlandyrýar.
Tokiodaky bu maliýe sarsgynlary dünýä bazarlaryna hem täsirini ýetirýär. Goldman Sachs bankynyň çaklamasyna görä, Ýaponiýanyň obligasiýalarynyň girdejililiginiň her 0,1% ýokarlanmagy ABŞ-da we beýleki ýurtlarda göterim stawkalarynyň 0,02–0,03% artmagyna sebäp bolýar. Ýenanyň hümmetiniň kesgin üýtgemegi ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamyny (FRS) we Maliýe ministrligini hem alada goýýar.
Ýapon maýadarlarynyň daşary ýurtlarda 5 trillion dollardan gowrak serişdesi bar. Eýýäm häzir «Sumitomo Mitsui» ýaly iri banklar öz serişdelerini Ýaponiýanyň obligasiýalaryna geçirmegi meýilleşdirýärler. Maýa goýumlarynyň köpçülikleýin yzyna gaýtarylmagy ABŞ-nyň we Ýewropanyň döwlet bergi bazarlarynyň çökmegine sebäp bolup biler.
«Bu täze döwrüň başlangyjydyr. Öňümizde mundan hem güýçli sarsgynlaryň bolmagy mümkin» diýip, «Mitsubishi UFJ Asset Management» kompaniýasynyň wekili Masaýuki Koguti belledi.


düýn 10:04
4.6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......