Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar

  • 28.01.2026 16:58
  • 6.2k+

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär.
Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi.
Guruljak toplum «megascience» derejesindäki gurnama statusyna eýe bolar. Desganyň baş wezipesi «täze fizika» dünýäsinde düýpli ylmy barlaglary geçirmekden we mikrodünýäniň gurluşyny öwrenmekden ybaratdyr. Taslamanyň esasy tehniki maksady bolsa, örän pes energiýaly neýtrinolary hasaba almagyň netijeliligini ýokarlandyrmakdyr.
Bölejikleri hasaba almak meselesini çözmek üçin alymlar özboluşly kuwwatly şöhlelenme çeşmesini ýokary duýgurlykly detektorlar bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. MFMM-niň ylmy ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, dünýä boýunça bu tehnologik çözgütler ýeke-täkligine galýar.
Aleksandr Sergeýew bu hakynda: «Snežinskde guruljak obserwatoriýamyzda biz dünýäniň hiç ýerinde bolmadyk örän kuwwatly neýtrino çeşmesini ulanarys. Şeýle-de täze mümkinçilikleri öwrenmek üçin iň duýgur detektorlary dörederis» diýip gürrüň berdi.


23.02.2026 14:41
3.3k+

Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»

Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi. Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir...

20.02.2026 18:09
2.4k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...

17.02.2026 09:29
4.2k+

Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär...

14.02.2026 17:27
3.4k+

NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi...