Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär

  • 28.01.2026 16:25
  • 4.8k+

2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty» paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, tejribe önümçiligi häzirki wagtda enjamyň prototiplerini we aýry-aýry esasy böleklerini taýýarlaýar. Şondan soň kir ýuwujy maşyny iş ýüzünde barlamak we kämilleşdirmek tapgyrlaryna geçmek meýilleşdirilýär.
Işlenip düzülýän kir ýuwujy maşyn adaty bolmadyk gurluşa eýe bolup, ol daşyndan kamerany ýa-da ýumşak haltany ýada salýar. Enjam işleýän wagtynda yzygiderli gysylyp-açylar. Bu hereketiň netijesinde eşikler aýlanar we arassalanar. Maşynyň içki göwrümi, takmynan, bäş litre barabar bolar. Kir ýuwlup bolanyndan soň, wakuumlaşdyrma, ýagny içki howany sordurmak we eşikleri guratmak amaly göz öňünde tutuldy. Guratmagyň dowamlylygy elýeterli bolan elektrik energiýasynyň kuwwatyna bagly bolar.
Şol bir wagtyň özünde, institutda kosmosda ulanmak üçin duş kabinasy-da işlenip taýýarlanýar. Ýer tygşytlamak maksady bilen, göwrümi, takmynan, iki kub metr bolan duşy ýygnalýan görnüşde döretmek meýilleşdirilýär.


düýn 06:42
4.9k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......