Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar

  • şu gün 14:31
  • 391

Alymlar Marsyň demirgazyk ýarym şarynda gadymy ummanyň kenar ýakasyny ýatladýan derýa hanalaryna meňzeş gurluşlary tapdylar. Bu barada Live Science neşiri habar berýär.
Bern uniwersitetiniň hünärmenleri «ExoMars Trace Gas Orbiter», «Mars Express» we «Mars Reconnaissance Orbiter» orbita apparatlarynyň kameralarynyň kömegi bilen Mariner jülgesini içgin öwrendiler. Olar Ýerde derýalaryň ummana guýýan ýerlerinde emele gelýän perre şekilli gurluşlaryň — derýa hanalaryny ýatladýan emele gelmeleriň Marsda hem bardygyny anykladylar.
Bu gurluşlar 3650 metre çenli belentliklerde ýerleşip, hasaplamalara görä, takmynan 3,37 milliard ýyl ozal kemala gelipdir. Hana şekilli ähli emele gelmeler Marsyň demirgazyk pesliklerinde tas birmeňzeş derejede ýerleşýär. Alymlar muny gadymy ummanyň bolaýmagy ähtimal kenar ýakasy diýip göz öňüne getirýärler.

Gözlegiň esasy awtory Ignatius Argadestýa landşafta jikme-jik seljerme bermegiň Ýerdäki dag ulgamlaryna mahsus bolan şekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berendigini we şunda hana şekilli gurluşlaryň has-da tapawutlanandygyny belledi. Professor Fris Şlunegger bolsa täze rekonstruksiýanyň gytaklaýyn alamatlara esaslanan öňki çaklamalardan tapawutlylykda, ýokary durulykdaky suratlardan alnan göni topografik maglumatlara daýanýandygyny nygtady.
Bu tapyndylaryň esasynda astronomlarda gadymy döwürlerde häzirki Demirgazyk buzly ummana barabar ummanyň Marsyň tutuş demirgazyk ýarym şaryny tutandygy baradaky çaklama döredi.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozalky missiýalarda hem planetada suw bilen baglanyşykly minerallar, ýerasty suw gorlarynyň bolandygyna şaýatlyk edýän alamatlar  tapylypdy.


26.01.2026 22:13
3.3k+

Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär...

26.01.2026 16:17
7.3k+

Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy hakda geň çaklama öňe sürüldi

Nature žurnalynda çap edilen täze ylmy iş taryhçylaryň Gizadaky Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy baradaky garaýyşlaryna täzeden seretmegine sebäp bolup biler. Gözleglerden gelip çykýan netijelere görä, bu ägirt desga gurlan wagtynda diňe bir daşky eňňitler däl, eýsem gurluşyň içinde gizlenen içki agramlyklar we bloklar ulgamy hem ulanylan bolmagy ähtimal...

25.01.2026 23:25
2.7k+

Adam haçan ýene Aýa uçmaly? NASA munuň mümkin bolan senelerini belli etdi

NASA "Orion" kosmos gämisiniň ekipažy bilen Aýyň daşyndan aýlanyp gelmeli "Artemis II" dolandyryşly missiýasynyň goýberiş tertibini neşir etdi. Bu maglumat agentligiň X sosial ulgamyndaky resmi hasabynda paýlaşyldy...

24.01.2026 18:52
6.5k+

Maksat – çaknyşmazlyk: Starlink hemralary tas her sagat çaknyşykdan gaçyp-gutulmaly bolýar

SpaceX-iň ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna berlen hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň iýun aýyndan noýabr aýyna çenli Starlink hemralary beýleki kosmos gämileri we galyndylary bilen çaknyşyklardan gaça durmak üçin 148,696 gezek aýlawly hereket etmäge mejbur boldular...