Adam haçan ýene Aýa uçmaly? NASA munuň mümkin bolan senelerini belli etdi

  • 25.01.2026 23:25
  • 3k+

NASA "Orion" kosmos gämisiniň ekipažy bilen Aýyň daşyndan aýlanyp gelmeli "Artemis II" dolandyryşly missiýasynyň goýberiş tertibini neşir etdi. Bu maglumat agentligiň X sosial ulgamyndaky resmi hasabynda paýlaşyldy.

Çap edilen maglumatlara görä, uçuşyň amala aşyrylyp bilinjek ilkinji penjiresi 6-njy fewralda, Aşgabat wagty bilen sagat 07:41-de (UTC boýunça 02:41) açylar. Häzirki meýilnamada görkezilen iň soňky sene bolsa 30-njy apreldir. NASA şu ýylyň fewral aýyndan aprel aýynyň ahyryna çenli bolan döwürde jemi 16 sany mümkin bolan uçuş senesini göz öňünde tutýar.
Uçuşa taýýarlyk işleri jemleýji tapgyra geçdi. Missiýanyň ekipažy eýýäm 14 günlük hökmany uçuşdan öňki karantine başlady. Bu, kosmonawtlaryň saglygyny goramak maksady bilen pilotly uçuşlaryň öňünden geçirilýän adaty standart ýagdaýdyr.
Meýilnamanyň berjaý edilmegi üçin esasy tapgyr uçuşyň baş repetisiýasy bolar. SLS göteriji raketasynyň we "Orion" gämisiniň synaglary 2-nji fewralda LC-39B goýberiş meýdançasynda geçiriler. Synag wagtynda ähli esasy ulgamlar mümkin bolan uçuşdan öň barlanar.
Bu repetisiýanyň netijeleri missiýanyň ilkinji bellenen wagtda uçup-uçmajakdygyny ýa-da uçuşyň meýilnamada görkezilen indiki seneleriň birine süýşüriljekdigini kesgitlär.


düýn 10:51
796

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....