Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar

  • 28.01.2026 14:31
  • 2.5k+

Alymlar Marsyň demirgazyk ýarym şarynda gadymy ummanyň kenar ýakasyny ýatladýan derýa hanalaryna meňzeş gurluşlary tapdylar. Bu barada Live Science neşiri habar berýär.
Bern uniwersitetiniň hünärmenleri «ExoMars Trace Gas Orbiter», «Mars Express» we «Mars Reconnaissance Orbiter» orbita apparatlarynyň kameralarynyň kömegi bilen Mariner jülgesini içgin öwrendiler. Olar Ýerde derýalaryň ummana guýýan ýerlerinde emele gelýän perre şekilli gurluşlaryň — derýa hanalaryny ýatladýan emele gelmeleriň Marsda hem bardygyny anykladylar.
Bu gurluşlar 3650 metre çenli belentliklerde ýerleşip, hasaplamalara görä, takmynan 3,37 milliard ýyl ozal kemala gelipdir. Hana şekilli ähli emele gelmeler Marsyň demirgazyk pesliklerinde tas birmeňzeş derejede ýerleşýär. Alymlar muny gadymy ummanyň bolaýmagy ähtimal kenar ýakasy diýip göz öňüne getirýärler.

Gözlegiň esasy awtory Ignatius Argadestýa landşafta jikme-jik seljerme bermegiň Ýerdäki dag ulgamlaryna mahsus bolan şekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berendigini we şunda hana şekilli gurluşlaryň has-da tapawutlanandygyny belledi. Professor Fris Şlunegger bolsa täze rekonstruksiýanyň gytaklaýyn alamatlara esaslanan öňki çaklamalardan tapawutlylykda, ýokary durulykdaky suratlardan alnan göni topografik maglumatlara daýanýandygyny nygtady.
Bu tapyndylaryň esasynda astronomlarda gadymy döwürlerde häzirki Demirgazyk buzly ummana barabar ummanyň Marsyň tutuş demirgazyk ýarym şaryny tutandygy baradaky çaklama döredi.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozalky missiýalarda hem planetada suw bilen baglanyşykly minerallar, ýerasty suw gorlarynyň bolandygyna şaýatlyk edýän alamatlar  tapylypdy.


düýn 16:45
3.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

düýn 16:17
2.4k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....