Google gepleşikleri gizlin ýazgy etmek boýunça kazyýet dawasy üçin 68 million dollar töler

  • 28.01.2026 09:57
  • 1.7k+

Google kompaniýasy "Google Assistant" ses kömekçisiniň gizlinlik düzgünlerini bozandygy barada ABŞ-da gozgalan kollektiwleýin talap arzasyny çözmek üçin 68 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada The Hill neşiri habar berýär.

Bu ylalaşyk Google Assistant arkaly işleýän enjamlaryň ulanyjylaryň şahsy gepleşiklerini, olaryň razylygy bolmazdan ýazga alandygy baradaky kazyýet işinden öňki çözgütdir. Arzanyň materiallaryna görä, ses ýazgylary hatda ulanyjylar kömekçini işjeňleşdirýän "Hi, Google" ýa-da "Ok, Google" ýaly açar sözleri aýtmasalar-da amala aşyrylypdyr.
Şikaýatçylar bu hereketleriň kompaniýanyň gizlinlik syýasatyna we wadalaryna düýbünden garşy gelýändigini öňe sürdüler. Gazanylan ylalaşyk Google-a öz günäsini boýun almazdan kazyýet işini ýapmaga we mundan beýläkki kazyýet çykdajylaryndan gutulmaga mümkinçilik berýär.
Ozal şuňa meňzeş ýagdaý Apple kompaniýasy bilen hem bolup geçipdi. Şonda kompaniýa "Siri" ses kömekçisiniň ulanyjylaryň gizlinligini bozmagy bilen baglanyşykly kollektiwleýin dawany ýapmak üçin 95 million dollar tölemäge razy bolupdy.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......