Toyota-dan syrly täzelik: Kompaniýa täze modeliniň ilkinji suratyny paýlaşdy

  • 28.01.2026 09:18
  • 5.8k+

Toyota kompaniýasynyň Amerikadaky bölümi täze modeliniň ilkinji tizer suratyny köpçülige hödürledi. Häzirlikçe gizlin saklanýan täze model baradaky habar "Gözýetimde täze bir zatlar bar" diýen ýazgy bilen paýlaşyldy.

Çaklamalara görä, bu surat täze ykjam pikap modeliniň premýerasyna taýýarlyk bolup biler. Ýene bir çaklama görä bolsa, Toyota täze bir krossoweri görkezmäge taýýarlanýar. Tanyşdyryş dabarasynyň gyşyň ahyryna çenli geçirilmegine garaşylýar.
Geçen ýylyň baharynda Toyota iki sany krossower we bir pikap arkaly öz elektromobil hataryny giňeltjekdigini mälim edipdi. Tizerdäki şekil, esasan hem yzky bölegi, gorizontal LED çyrasy we dikligine ýerleşen yzky aýnasy bilen pikaby ýatladýar. Emma Carscoops neşiri kompaniýadaky çeşmelerine salgylanyp, bu meňzeşligiň bilkastlaýyn döredilendigini, aslynda bolsa täze önümiň krossower boljakdygyny öňe sürýär.
Bellesek, Toyota eýýäm özüniň elektrikli pikabyny görkezipdi — ol täze nesil Hilux modeliniň wersiýalarynyň biri bolupdy.
Mundan başga-da, kompaniýanyň Land Cruiser maşgalasyny, şol sanda iri wnedorožnik ulaglarynyň hasabyna giňeltmek meýilleriniň bardygy ozal habar berlipdi. Şeýle hem, bu täzeligiň häzirki Highlander modeliniň ornuny tutjak täze ulag bolmagy hem aradan aýrylmaýar.
Iň soňky çaklamalaryň birine görä, bu tizer diňe bir konsept-kar (taslama awtoulagy) bolup, köpçülikleýin önümçilige goýberilmezligi hem mümkin.


düýn 19:49
2.4k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....