Görjege bir pursat wagtlaýyn rugsat: da Winçiniň freskasy ilkinji gezek köpçülige görkeziler

  • 27.01.2026 16:11
  • 6.9k+

Milanda italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň (1452-1519) seýrek duş gelýän freskasy ilkinji gezek köpçüligiň synlamagy üçin elýeterli bolar. Artnet News neşiriniň habar bermegine görä, bu eser Sfortsa galasynyň Zale delle Asse otagynyň potologynda çekilen.
Zala 7-nji fewraldan 14-nji marta çenli baryp görmek bolar. Şol döwürde syýahatçylara freskany golaýdan synlamak üçin alty metr belentlikdäki dikme agaçlaryň üstüne çykmaga rugsat berler. 14-nji martdan soň zal ýaňadan ýapylar we dikeldiş işleri ýene 18 aýlap dowam eder.
Leonardo da Winçi bu freska işine 1498-nji ýylda gersog Ludowiko Sfortsanyň buýrugy bilen başlapdyr. Zalyň potology biri-birine çolaşan üzüm agaçlarynyň, 16 sany daragtyň, şeýle-de kökleriň we daşlaryň şekilleri bilen bezelipdir. 1499-njy ýylda Milan gersoglygy fransuz goşunlary tarapyndan eýelenenden soň, Ludowiko Sfortsa şäheri terk edýär, gala bolsa harby maksatlar üçin ulanylyp başlanýar. Şol wagtlarda hem freskanyň üstüne boýag çalyp, gözden ýitirilipdir.
Bu gymmatly eseriň, baryp-ha XIX asyryň ahyrynda üsti açylýar. XX asyryň dowamynda ol tapgyrlaýyn dikeldilýär. Häzirki wagtda restawratorlar diwarlardaky duzlary aýyrmak we freskanyň ýüzüni arassalamak üçin ýapon tüwi kagyzyny hem-de minerallardan arassalanan suwy ulanýarlar.


şu gün 18:04
314

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

27.05.2026 15:32
2.6k+

Argentinaly suratkeş reňkini üýtgedýän eserleri bilen meşhurlyk gazandy

Argentinaly suratkeş Gwido Llordi serediş burçuna we ýagtylyga görä reňkini üýtgedýän suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......