YouTube Music heniz Apple Music-de ýok funksiýany ornaşdyrdy

  • 27.01.2026 15:27
  • 1.2k+

Google kompaniýasy YouTube Music hyzmatyna bir akkaunta birikdirilen enjamlaryň arasynda pleýlist nobatyny sinhronlaşdyrmak funksiýasyny ornaşdyrdy. Indi ulanyjylar smartfondan kompýutere ýa-da başga bir enjama geçende, sazy şol bir saklanan ýerinden dowam edip diňläp bilerler.

Mundan ozal YouTube Music-iň Android we iOS üçin mobil goşundylaryndaky pleýlist nobatlary biri-birinden garaşsyz işleýärdi. Hyzmatyň web wersiýasy mobil enjamlardan maglumat alyp bilýärdi, emma ters ugurda sinhronlaşdyrma ýokdy. Programma täzelenenden soň bolsa, mobil goşundy açylanda mini-pleýerde islendik enjamda soňky diňlenilen kompozisiýa görkezilýär.
Goşundy açylan pursatynda hyzmat sazyň haýsy enjamda — iPhone-da ýa-da brauzerde — goýberilendigini wagtlaýyn görkezýär. Bu maglumat aýdym başlanyňdan soň ýitip, häzirki ulanyjy baradaky maglumatlar çykýar. Ulgam soňky işjeň sessiýa daýanýar, ýagny  şoňa laýyklykda,  pleýlist nobatyny täzeleýär ýa-da çalyşýar.
Şuňa meňzeş täzelikler Spotify Connect funksiýasynda hem eýýäm ulanylýar. Apple Music hyzmatynda bolsa, häzirlikçe beýle mümkinçilik ýok.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......