Sowuk we buz synagy: Tesla Cybercab seriýalaýyn önümçilige taýýarlanýar

  • 27.01.2026 11:17
  • 3.3k+

Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz işleýän Cybercab taksisi şu ýylyň aprel aýynda seriýaly önümçilige goýberiler. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi.

Maskyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Cybercab prototipleri Alýaskanyň aşa sowuk, garly we buzly şertlerinde gyşky synaglardan geçirilýär. Synag edilýän awtomobilleriň ýörite gyşky şinalar bilen enjamlaşdyrylandygy bellenilýär.
Mundan ozal Mask önümçiligiň ilkinji tapgyrynda depginleriň pes boljakdygy barada duýduryş beripdi.

"Täze modelleriň önümçiligini artdyrmak adatça S-görnüşli egri çyzyk boýunça bolup geçýär. Önümçiligiň başlangyç tapgyry köp sanly täze şaýlar we önümçilik amallary sebäpli çäklendirilýär" diýip, Tesla-nyň ýolbaşçysy belledi.

Cybercab ilkibaşdan sürüjisiz dolandyrmak üçin dizaýn edilipdi. Ol hereket etmek üçin radar we lidarlary ulanman, diňe kameralara we emeli aňa esaslanýan Tesla Vision ulanyşyny peýdalanýar.
Awtomobilde "kebelek ganaty" görnüşindäki gapylar bar. Şunda yzky aýna we gapdal aýnalar (zerur bolmansoň) göz öňünde tutulmadyk.
Salony iki ýolagçy üçin niýetlenen. Merkezde güýmenje we wideo jaňlar üçin niýetlenen 20,5 dýuýmlyk sensor ekrany ýerleşýär.
Cybercab simsiz induksion zarýad beriş ulgamyny goldaýar. Bu bolsa oňa ýörite meýdançalarda adamyň gatnaşmazlygynda awtomatiki usulda zarýad almaga mümkinçilik berýär.


düýn 23:24
843

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....