12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy

  • şu gün 10:10
  • 3.3k+

Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaher indi düşege bagly däl. Ol henizem dowamly aýak üstünde durup bilmeýändigine garamazdan, lukmançylyk işgärleriniň kömegi bilen maýyplar arabasynda hereket edýär we teleýaýlymlardaky sport ýaryşlaryna tomaşa edýär diýip, Express žurnaly habar berýär.
​Mundan 12 ýyl ozal dagda bolan betbagtçylykly wakadan bäri, türgeniň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar çäkli saklanýar. Onuň aýaly Korinna we beýleki maşgala agzalary hem jemgyýetçilige türgeniň durmuşyna degişli maglumatlary bermezlige çalyşýarlar.
​Şol wakadan bäri Şumaher köpçülige görünmeýär. Oňa Maýorkanyň Las-Brisas sebitindäki öýünde seredilýär. Çaklamalardan çen tutsaň, bu kaşan jaýyň bahasy takmynan 33 million ýewro barabardyr.
​Mail Sport portaly türgeniň gije-gündiz lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we terapewtleriň gözegçiliginde saklanýandygyny belleýärler. Türgeniň maşgalasy lukmançylyk hyzmatlary üçin her hepde on müňlerçe ýewro sarp edýär.
​Öýe diňe tanyşlaryň çäkli bölegi goýberilýär. Olaryň arasynda "Ferrari" toparynyň öňki ýolbaşçysy Žan Todt hem bar. Çeşmelerde bellenişine görä, ol "Gran-pri" ýaryşlaryna Şumaher bilen bilelikde tomaşa edýär.


04.11.2025 14:20
3.6k+

Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi

Tehas ştatynyň (ABŞ) resmileri Johnson & Johnson (J&J) we onuň öňki bölümi Kenvue kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Olaryň berýän aýyplamalaryna görä, kompaniýalar Tylenol (asetaminofen) dermanynyň çagalaryň arasynda autizmiň döremegine sebäp bolup biljek ähtimallygy barada maglumatlary gizläpdir...

19.11.2024 17:40
8.9k+

20-nji noýabrda Ýere güýçli magnit tupany aralaşar

Günde güýçli partlamalar plazmanyň zyňylmagyna sebäp boldy. Olar 20-nji noýabrda Ýeriň magnit meýdanyna aralaşyp, güýçli tupany döreder. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna...

09.11.2024 11:52
10k+

Gün bäş sany güýçli alawlama barabar bolan energiýany çykardy: munuň Ýere nähili täsiri bar?

6-njy we 7-nji noýabrda Gün iň ýokary hasaplanýan "X" klasynyň dört-bäş alawynyň energiýasyna deň bolan ýigrimi töweregi M derejeli alaw zyňdy. Bu barada Kosmos gözleg institutynyň Gün astronomiýasynyň barlaghanasyna...

04.06.2024 11:02
11k+

Şu gün Ýeri güýçli magnit tupany gurşap alar

Şu gün, 4-nji iýunda Ýer Günüň görlüp-eşidilmedik işjeňligi sebäpli G3 derejeli güýçli magnit hadysasyny başdan geçirer. Bu barada Russiýanyň Gün astronimiýasy barlaghanasyna salgylanyp, Life.ru ýazýar. Alymlaryň...