Şu gün Ýeri güýçli magnit tupany gurşap alar

  • 04.06.2024 11:02
  • 11k+

Şu gün, 4-nji iýunda Ýer Günüň görlüp-eşidilmedik işjeňligi sebäpli G3 derejeli güýçli magnit hadysasyny başdan geçirer. Bu barada Russiýanyň Gün astronimiýasy barlaghanasyna salgylanyp, Life.ru ýazýar.

Alymlaryň maglumatlaryna görä, soňky birnäçe günüň dowamynda Günde X derejeli bäş sany partlama bolup geçdi. Biziň planetamyz üçin iň howplusy 1-nji iýunda Ýere aralaşmagy mümkin bolan 29-njy maýdaky partlama boldy. Şonda Gün zyňyndysy, her niçik-de bolsa, birnäçe million km uzaklykda Ýeriň golaýyndan geçdi.
Bu gezek alymlar partlamanyň merkeziniň Gün – Ýer liniýasyna golaý ýerleşýändigini we plazma buludynyň göni planetamyza gönükdirilendigini belleýärler. Şeýlelikde, Gün maddasy 4-nji iýunda, sişenbe güni G3 urgy güýji bilen Ýeriň orbitasyna ýeter.
Şeýle hadysa täsirini ýetirmän galmaz. Howa duýgur adamlara fiziki agramlardan gaça durmak maslahat berilýär, sebäbi magnit meýdançasyndaky üýtgeşme ýüregiň we gan damarlarynyň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Şeýle-de, telefonlaryň we kompýuterleriň ulanylmagyny çäklendirmek möhümdir, çünki elektromagnit şöhlelenmeleri kellagyra we ukynyň bozulmagyna sebäp bolup biler.


düýn 16:34
3.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...