Gün bäş sany güýçli alawlama barabar bolan energiýany çykardy: munuň Ýere nähili täsiri bar?

  • 09.11.2024 11:52
  • 10k+

6-njy we 7-nji noýabrda Gün iň ýokary hasaplanýan "X" klasynyň dört-bäş alawynyň energiýasyna deň bolan ýigrimi töweregi M derejeli alaw zyňdy. Bu barada Kosmos gözleg institutynyň Gün astronomiýasynyň barlaghanasyna we Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-ýerüsti fizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Alawlaryň çeşmesi Günüň 3883 we 3889 belgili iki işjeň sebitinde hasaba alyndy. Hünärmenleriň bellemegine görä, işjeň merkezleriň gurluşy durnukly X derejeli güýçli alawlaryň döremegine ýol bermeýär we energiýa has irki döwürlerde çykýar. Bu diýildigi energiýanyň ep-esli derejede ýygnanmaga wagty bolmazdan, çalt dargaýandygyny aňladýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, ýygy-ýygydan urýan M derejeli alawlar Ýer üçin ýeke, ýöne has güýçli urýan X derejeli alawlardan ýene kanagatlanarlydyr. Çünki bu ýagdaýda planetamyzyň töwekgelçiligi ep-esli azalýar. Şeýle-de bolsa, geljekde işjeň merkezleriň gurluşy has ýönekeý bolup, ýokary derejeli alawlara sebäp bolup biler.
Gün astronomiýasy barlaghanasynyň başlygy Sergeý Bogaçýewiň düşündirişi ýaly, Günden plazma çykarylanda, onuň çykýan ýerindäki täsirler möhüm rol oýnaýar. Eger çykaryş tizligi 600 km/s-den pes bolsa, plazma Güne gaýdyp gelýär. Şeýle-de bolsa, çykaryş tizligi has ýokary bolsa, zyňyndylar Ýere ýetip, magnit hadysalaryna sebäp bolup biler.
Gün şöhleleri rentgen şöhleleriniň güýjüne görä klaslara bölünýär: onuň iň pesi A klas bolup, iň ýokarysy X klasyna çenli ýetýär. Her gezek energiýa köpelende, bir klasyň energiýa güýji on esse ýokarlanýar we alawlar Ýere täsir edip biljek plazma zyňyndylary bilen bilelikde bolýar.


24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

23.05.2026 23:48
3.8k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....