Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler

  • 27.01.2026 01:06
  • 1.3k+

Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Çäräniň birinji gününiň esasy çözgüdi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň 2029-njy ýylyň Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynyň paýtagty diýlip resmi taýdan tassyklanmagy boldy. 2031-nji ýylyň oýunlarynyň paýtagty hökmünde Pnompen (Kamboja) saýlandy.
Guramaçy şäherler bilen degişli şertnamalara assambleýanyň mejlisiniň dowamynda gol çekildi.
Bu halkara çärede Türkmenistana ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet wekilçilik edýär.
Forum Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Tomas Bahyň wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlenmesi bilen açyldy. Şeýle hem çäräniň dowamynda «AOG-yň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Assambleýanyň iň möhüm çözgütleriniň biri Aziýa Olimpiýa geňeşiniň täze prezidentiniň biragyzdan saýlanmagy boldy. Bu wezipäni ýeke-täk dalaşgär bolan Kataryň Olimpiýa komitetiniň başlygy Jawan bin Hamad Al Tani eýeledi.
Iş maksatnamasynyň çäklerinde AOG-yň wise-prezidenti Otabek Umarow Merkezi Aziýada sportuň ösüşi baradaky hasabaty bilen çykyş etdi. Şeýle-de, wekiliýetleriň öňünde Bütindünýä antidoping agentliginiň ýolbaşçysy Witold Banka çykyş edip, antidoping kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek meselelerine ünsi çekdi.
Assambleýa geljekki iri ýaryşlara, şol sanda 2026-njy ýylda Aýti-Nagoýada (Ýaponiýa) we Er-Riýadda (Saud Arabystany) meýilleşdirilen tomusky Oýunlara görülýän taýýarlyk baradaky tehniki hasabatlary gözden geçirmek bilen tamamlanar.


düýn 20:10
5.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....