Apple-iň ýolbaşçysy wezipesini tabşyrmaga taýýarlanýar: kompaniýada Jon Týornusyň ygtyýarlyklary giňeldildi

  • 27.01.2026 16:12
  • 5.1k+

Tim Kuk Apple kompaniýasynyň enjamlaýyn üpjünçiligini işläp düzmek boýunça wise-prezidenti Jon Týornusyň ygtyýarlyklaryny giňeldip, oňa kompaniýanyň dizaýnerler toparyna gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu barada Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman habar berýär.
Ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Apple-iň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolup biljekdigi we Jon Týornusyň Tim Kukuň ornuna geljek esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Bu habarlar resmi taýdan tassyklanmasa-da, täze wezipe top-menejeriň karýera ösüşiniň gytaklaýyn alamaty hökmünde görülýär.
Dizaýn ugry Apple-iň gurluşynda iň esasy bölümleriň biri hasaplanýar. Dürli ýyllarda bu ugra Joni Aýw, soňra Tim Kukuň özi, ondan soň eýýäm pensiýa çykan Jeff Wilýams ýolbaşçylyk etdi.
Mark Gurmanyň pikiriçe, jogapkärçilik çäginiň giňeldilmegi Tim Kukuň Týornusy kompaniýanyň içindäki ähli möhüm amallar bilen tanyşdyrmak islegi bilen baglanyşykly bolup biler. Bu oňa Apple-iň dolandyryş ulgamyndan we bölümleriniň işinden has gowy baş çykarmaga mümkinçilik berer.
2025-nji ýylda Jon Týornus enjamlary işläp düzmegiň uzak möhletleýin meýilnamalaryna we Apple önümleriniň umumy çykyş strategiýasyna hem jogapkär boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, Tim Kuk ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ygtyýarlyk möhleti tamamlanýança baş direktor wezipesinden gitmegi meýilleşdirmeýär. Bu bolsa Týornusa kompaniýanyň işine has içgin aralaşmak üçin goşmaça wagt berýär.


19.05.2026 09:37
4.2k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....