Ýeňil, inçe hem özboluşly: Samsung Galaxy A57-niň täze suratlary peýda boldy

  • 26.01.2026 13:21
  • 6.6k+

Hytaýyň Senagat ministrliginiň maglumatlar binýadynda SM-A5760 belgi bilen Samsung kompaniýasynyň täze smartfonynyň suratlary we häsiýetnamalary peýda boldy. Bu belgi geljekki Galaxy A57 modeliniň belgisidir. Geçen ýylyň güýzünde bu enjam IMEI binýadynda SM-A576B belgisi bilen hasaba alnypdy. SM-A5760 hem şol modeliň bir görnüşi bolup durýar.
Täze enjamyň iň esasy aýratynlygy onuňkämilleşdirilen korpusydyr. Smartfon ozalky nusgasy bilen deňeşdirilende has kiçi (kompakt) we ýeňil: enjamyň galyňlygy 6,9 mm-e, agramy bolsa 182 grama deň. Deňeşdirmek üçin aýtsak, Galaxy A56 modeli has galyň (7,4 mm) we has agyrdy (198 gram). Şol bir wagtyň özünde, batareýanyň sygymy üýtgemän, öňki durşuna — 5000 mAs möçberinde galdy.

Kameralaryň ýerleşiş dizaýnynda hem üýtgeşmeler bar. Olaryň dizaýny ýakynda çykjak Galaxy S26 flagmanyndan alyndy. Esasy kamera 50, 12 we 5 megapikselli datçikleri, öňdäki kamera bolsa 12 megapikselli datçigi özünde jemleýär.
Galaxy A57-niň ekrany 6,6 dýuým bolup, Full HD+ durulygyna eýe bolar. Täze model özünde kiçi göwrümi, öňki möçberdäki batareýa sygymyny we Samsung-yň iň ýokary modellerine meňzedilen täze dizaýny utgaşdyrýar.


27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......