Hytaý alymlary saçyň tary ýaly inçe we çeýe sapaga millionlarça tranzistory sygdyrdylar

  • 26.01.2026 04:09
  • 5.1k+

Hytaýda çeýe elektronikanyň geljekdäki köpçülikleýin önümçiligi üçin esas döredildi. Taslamany düzüjiler inçejik çeýe sapak görnüşinde mikroshema taýýarladylar. Geljekde şeýle sapaklardan hasaplamalary ýerine ýetirip, neýroulgamlar bilen işläp we maglumatlary görkezip biljek matalary dokap bolar.
Barlagyň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi.
Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, sapagyň inçeligi adamyň saçynyň tary bilen deňeşdirerlik derejededir, Çap edilen suratlarda onuň diametri 0,5 mm-e golaý görünýär. Şeýle-de bolsa, bu sapagyň her kwadrat santimetrinde 100 müňe golaý tranzistor bar. Bu bolsa, sapaklary mata görnüşinde birikdirmek ýaly çylşyrymly hasaplama işleri üçin ýeterlikdir.
Işiň gysgaça beýanynda süýümli integral shemasynyň iýmitlendiriş, ölçeg we maglumatlary görkezmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýändigi görkezilýär. Ilki bilen, çipiň tekiz we çeýe esasy taýýarlanylýar, soňra bolsa ol sapak görnüşine geririlýär. Alnan mikroshema 30 göterime çenli süýnmäge ukyplydyr we 10 müň gezek süýndirilip-goýberilmäge durnuklydyr. Şeýle-de ol 180 gradus eplenende-de öz iş ukybyny saklaýar.
Şeýle matanyň bir metri käbir häzirki zaman prosessorlary bilen bäsleşip biljek millionlarça tranzistory özünde saklap biler. Bu tehnologiýa geýilýän elektronikada giňden ulanylyp, ony çyglylyga, aýaza ýa-da yssa garamazdan, iň agyr şertlerde hem ulanmaga durnukly we çydamly edip biler.

 


şu gün 11:23
14

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......

düýn 12:35
1.7k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2.1k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......