Täze Kia Sportage Platinum Edition tanyşdyryldy: ol mart aýynda satylyp başlanar

  • 25.01.2026 18:42
  • 3.2k+

Kia kompaniýasy täzelenen Sportage Platinum Edition modelini resmi taýdan görkezdi. Bu täze wersiýanyň seriýalaýyn önümçiligi 7-nji fewralda Hytaýyň Ýançen şäherindäki döwrebap «Yueda Kia» zawodynda başlanar. Awtoulagyň mart aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Awtoulagyň daşky keşbinde iň uly üýtgeşme yzky çyralarda bolup, olar öň tarapynyň dizaýny bilen utgaşýan "ýyldyzly" nagyşlara eýe boldy. Krossoweriň esasy ölçegleri:

  • Uzynlygy: 4695 mm;
  • Ini: 1865 mm;
  • Teker bazasy: 2755 mm (bu bolsa salonyň giňligini üpjün edýär).

Salonyň içindäki tehnologiýalar düýpli döwrebaplaşdyryldy. Täze nesliň akylly dolandyryş kompleksi ornaşdyryldy. Ölçegi ulaldylan HUD displeýi maglumatlary gönüden-göni öňdäki aýna berýär. Indi esasy komplektasiýalarda hem L2+ derejeli awtopilot we sürüjä kömek ulgamy bar. Uzak aralykdan dolandyrylýan RSPA duralga ulgamy we awtomagistrallar üçin HDA 2 asisenti goşuldy.
Täze Sportage iki sany benzinli turbo hereketlendiriji bilen hödürlener: 1,5 litrlik: 147 kWt kuwwat we 2,0 litrlik: 180 kWt kuwwat. Iki wersiýa hem awtomatiki geçiriji (AKP) bilen enjamlaşdyrylar.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

09.05.2026 12:43
3.6k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
3k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4.1k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......