Jokowiç «Uly tuwulga» ýaryşlarynda 400 ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy

  • 25.01.2026 02:55
  • 1.6k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç taryhda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýekelikdäki bäsleşiginde 400 ýeňiş gazanan ilkinji türgen boldy. Bu rekord görkezijisi türgeniň Awstraliýanyň açyk çempionatynyň (Australian Open) dördünji tapgyryna çykmagy bilen hasaba alyndy.
Açyk döwürde (professionallaryň we höwesjeňleriň ähli resmi ýaryşlara gatnaşyp başlamagy bilen 1968-nji ýyldan bäri ýöredilýän hasapnama) gazanylan ýeňişleriň sany boýunça ikinji orun 369 gezek ýeňiş gazanan şweýsariýaly Rojer Federere degişlidir.
Häzirki wagtda 38 ýaşyndaky Jokowiç Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) dünýä reýtinginde dördünji orny eýeleýär. Serbiýaly türgen bu guramanyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlarda jemi 101 ýeňiş gazandy. Onuň hasabynda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň 24 tituly bar, bu bolsa erkekleriň ýekelikdäki bäsleşigi üçin rekorddyr. Şeýle hem ol 2024-nji ýylyň Olimpiada oýunlarynyň ýeňijisi, 2008-nji ýylyň Olimpiadasynyň bürünç medalynyň eýesi we 2010-njy ýylyň Dewis kubogynyň eýesidir. Mundan başga-da, Jokowiç 428 hepdeläp dünýäniň birinji raketkasy bolup, bu görkeziji boýunça hem absolýut rekorduň eýesi bolmagynda galýar.
Awstraliýanyň açyk çempionaty möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolup, oýunlar «hard» düşelen meýdançada geçirilýär. Ýaryş 1-nji fewralda tamamlanar. Onuň baýrak gaznasy takmynan 75 million dollara barabardyr. Bäsleşigiň 
häzirki çempiony italiýaly tennisçi Ýannik Sinnerdir.


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....