Öňki basketbolçy Dennis Rodmanyň gyzy dünýäde iň köp gazanýan futbolçy boldy

  • 24.01.2026 18:42
  • 6.5k+

«Waşington Spirit» klubunyň we ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Triniti Rodmanyň täze şertnamasy ony dünýäde iň köp gazanýan futbolça öwürdi. Bu barada ESPN habar berýär.
23 ýaşly futbolçy Milli zenan futbol ligasyndan (NWSL) «Waşington» bilen şertnamasyny üç ýyl, 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, onuň ýyllyk girdejisi bonuslar bilen bilelikde, takmynan, 2 mln dollar bolar. Upper 90 Sports Group-dan onuň agenti Maýk Senkowskiniň aýtmagyna görä, ol liganyň taryhynda iň köp hak alýan oýunçy we dünýäde iň köp gazanýan zenan oýunçy bolar.
Zenan futboly üçin rekord şertnama garamazdan, iň gowy erkek oýunçylaryň gazançlary bilen tapawut uly bolmagynda galýar. Capology-nyň maglumatlaryna görä, «Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronalduwyň salgytlardan soňky ýyllyk girdejisi 286 mln dollara barabar.
Triniti - öňki meşhur basketbolçy Dennis Rodmanyň gyzy. Ol futbolçy karýerasyna 2021-nji ýylda, 18 ýaşynda «Waşington Spirit» kluby tarapyndan NWSL draftynda ikinji belgi bilen saýlanandan soň başlady. Şol wagt ol NWSL-iň taryhynda draftyň iň ýaş gatnaşyjysy bolupdy. ABŞ-nyň milli ýygyndysynda ilkinji gezek 2022-nji ýylyň fewralynda çykyş etdi.
Rodman 2022-nji ýylda «Waşington Spirit» bilen ýylda 281 müň dollar zähmet haky bilen 1,1 mln dollarlyk dörtýyllyk şertnama baglaşyp, ABŞ-nyň taryhynda iň köp gazanýan zenan futbolçy boldy.
2023-nji ýylda Rodman ABŞ-nyň Milli zenan futbol ligasynyň rekordyny goýdy: ol 13 gol geçirip we on assist edip, 10+10 görkezijisine ýeten iň ýaş zenan futbolçy boldy.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......