Meýletinçiler ýetim durna jüýjelerine uçmagy öwretmek üçin guş sypatyna girdiler

  • 22.01.2026 15:18
  • 5.7k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wiskonsin ştatynyň Barabu şäherinde ýerleşýän Halkara durnalary goramak gaznasynyň meýletinçileri ýetim galan jüýjeleriň diri galmagy üçin täsin usuly ulanýarlar. Olar uly durnalaryň keşbine girip, jüýjelere iýmit gözlemek, ýyrtyjylardan goranmak we uçmak ýaly iň zerur başarnyklary öwredýärler. Bu barada The Guardian gazeti giňişleýin makala çap etdi.

1986-njy ýyldan bäri Gaznanyň işgäri bolan Marianna Wellington tas 40 ýyl bäri durnalary halas etmek bilen meşgullanýar. Bu gurama 1973-nji ýylda, howanyň üýtgemegi we awçylyk sebäpli ýok bolup gitmek howpy astynda galan durnalaryň 15 görnüşini gorap saklamak üçin döredilipdi.
Durna jüýjeleri tebigy gurşawda diri galmaklary üçin adamlara öwrenişmeli däl. Şonuň üçin meýletinçiler her görnüşe mahsus bolan ýörite eginbaşlary geýýärler:
Lybasdaky bir el guşuň kellesini we boýnuny, beýleki el bolsa ganatyny aňladýar.
Jüýjelere iýmit tapmak, howpa garşy reaksiýa bildirmek we iň esasy zat — adamlardan daşda durmak öwredilýär.
Guşlara uçmagy öwretmek üçin meýletinçiler hakyky «tälimçilere» öwrülýärler. Olar durnalar bilen bilelikde açyk meýdanda ylgaýarlar, emeli ganatlaryny kakýarlar we guşlar göge göterilýänçä ýörite ses signallaryny berýärler.
Häzirki wagtda dünýädäki durna görnüşleriniň 15-sinden 10-sy heniz hem ýok bolmak howpy astynda galýar. Emma meýletinçileriň bitirýän ägirt uly işleriniň netijesinde, soňky 80 ýylda amerikan durnalarynyň sany 20-den 800-e çenli köpeldi.

şu gün 09:33
1k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

şu gün 08:06
629

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
2.2k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
8.7k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....