1.Haçan? Nädip?: arheologlar Amerika ýaýran ilkinji adamlaryň geliş ugruny öwrendiler

  • düýn 23:39
  • 740

Science Advances žurnalynda çap edilen täze gözleg Amerika ilkinji göçüşligiň alternatiw düşündirişini hödürleýär. Ondan çen tutsaň, ilkinji amerikaly bolmak islän adamlaryň buzly Beringiýadan geçmegiň ýerine, deňiz baýlyklaryny özleşdirip, Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň we Ýuwaş ummanyň kenary arkaly hereket edip bilmekleri-de mümkindi.

Ýapon we amerikan alymlary ýerli amerikanlaryň ata-babalary takmynan 25,000 ýyl mundan ozal Demirgazyk-Gündogar Aziýada dörän bolmaly. Şeýle-de arheologlar olaryň uzak wagtlap izolýasiýa edilen döwrüniň Hokkaýdo, Sahalin we Kuril adalarynyň kenarýaka zolagynda geçendigini. ol ýerlerde bolsa howanyň Beringiýanyň buzluk sebitlerine garanyňda mylaýym bolandygyny çaklaýarlar.
Hokkaýdoda we Demirgazyk Amerikada tapylan daş uçlarynyň we pyçaklarynyň arasyndaky meňzeşlik hem ýokardaky çaklamany tassyklaýar. Çünki 18,000–20,000 ýyl mundan ozal dörän bu gurallara görnüşli we ýasalyş usuly boýunça meňzeşler bar. Beringiýada Şeýle tehnologiýalar 14,000 ýyl mundan ozal, has soňrak peýda bolýar. «Şunlukda, tehnologiýa akymy pikir edilişi ýaly däl-de, tersine Demirgazyk-Gündogar Aziýadan Amerika gelýär» diýip, ylmy işgärler belleýärler.
Soňky güýçli buzluk döwründe Beringiýanyň üsti bilen içerki ýollarda gezelenç etmek örän kyn bolupdyr. Şeýle-de bolsa, Ýapon adalaryndaky tapyndylar 35,000 ýyl mundan ozalky adamlaryň deňizçilik başarnyklarynyň näderejede bolandygyny görkezýär.
Alymlar irki göçüp gelenleriň gönümel genetiki yz galdyrmadyk bolmagynyň mümkindigini-de nygtaýarlar. «Biz Amerikanyň ilatlaşmagynda möhüm rol oýnap ýa ýitip, ýa siňip giden gümürtik populýasiýanyň gürrüňini edýäris.» diýip, olar öz gözlegleriniň sebäbini düşündirýärler.


20.01.2026 13:31
5.2k+

Arheologlar Omandan 7000 ýyl mundan ozal akula awlanandygynyň subutnamalaryny tapdylar

Çeh Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Omanda neolit döwründe yzygiderli akula awlanandygyny görkezýän arheologik toplumy açdylar. Wadi Nafun jülgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, takmynan 7000 ýyl mundan ozal döredilen umumy megalitik mazaryň üstünden baryldy...

20.01.2026 11:44
4.1k+

Hytaýyň ýokary okuw mepdepleri Garwardy iň gowy uniwersitetleriň reýtinginde üçünji orna düşürdi

Hytaýyň birbada sekiz uniwersiteti her ýyl Niderlandlarda Leýden uniwersiteti tarapyndan düzülýän dünýäniň on sany iň gowy ýokary okuw mekdebiniň sanawyna girdi. Täze reýtingde birinji orny Hançžoudaky Çžeszýan uniwersiteti eýeledi...

18.01.2026 15:13
3.4k+

Tirannozawrlaryň ösüşi 40 ýyl dowam edipdir

Ýyrtyjylaryň daşlaşan süňklerini öwrenmek boýunça şu wagta çenli geçirilen iň uly seljermeden soň paleontologlar tirannozawrlaryň doglandan soň 40 ýyl töweregi ösmegi dowam etdirendikleri barada netijä geldiler diýip, TASS-yň habarynda aýdylýar...

03.01.2026 23:21
4.3k+

1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek: NASA fewralda Aýa ilkinji ekipažly uçuşy meýilleşdirýär

NASA şu ýylyň fewralynda Artemis II missiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu 1972-nji ýyldan bäri Ýere golaý orbitadan daşary ilkinji ekipažly uçuş bolar. Dört astronawt Aýyň daşyndan aýlanyp, gonmazdan Ýere gaýdyp geler...