Haýsy ýurtlarda pensiýa berilmeýär we onuň ýerini näme tutýar?

  • düýn 18:17
  • 9.5k+

Dünýäniň köp ýurtlarynda bize tanyş bolan, döwlet tarapyndan bellenilýän ýaş boýunça pensiýa kömegi hereket etmeýär. Munuň ýerine, olar ätiýaçlandyryşa esaslanýan we maliýeleşdirilýän görnüşleri ulanýarlar. Munda töleglere hukuk gönüden-göni işlän döwrüniň we degişli maksat üçin çykarylan çykdajylaryň möçberine baglydyr.

Bu boýunça bar bolan maglumatlara görä, Pars aýlagy ýurtlarynda (Bahreýn, Katar, Kuweýt, BAE we Saud Arabystany) ulgamlar, hususan-da, döwlet ýa-da iri hususy pudaklarda işleýän raýatlar üçin niýetlenendir. Saud Arabystanynda ortaça aýlyklar 2023 dollardan Katarda 3682 dollara çenli tapawutlanýar. Işgärleriň goşandy girdejiniň 5% -den 11% -ine çenli üýtgeýär. Şeýle ýeňilliklere hukuk gazanmak üçin 15 ýyldan 25 ýyla çenli iş tejribesi talap edilýär. Şunlukda pensiýa möçberi girdejiniň 80-100% -ine ýetip biler.
Şeýle ätiýaçlandyryş usullaryndan peýdalanmak Bosniýa we Gersegowina, Serbiýa we Çernogoriýada hem mümkin. Bu ýurtlarda ortaça girdejiler 853 dollardan 1024 dollara çenli üýtgeýär. Ady agzalan döwletlerde, şeýle hem Müsürde we Laosda hökmany 15 ýyllyk salgyt döwri (aýlygyň 10% -den 17% -ine çenli) talap edilýär.
Aziýa sebitinde (Hindistan, Kamboja we Filippinler) ortaça aýlyklary 270–467 dollar bolan ýagdaýynda toplama we bala esaslanýan ulgamlara köp ýykgyn edilýär. Hindistanda hökmany serişdelerden başga-da, ilatyň garyp bölegi  üçin 2,20–5,50 dollar möçberindäki iň az sosial kömek pullary bar. Bu ýurtlaryň köpüsinde iş tejribesi ýeterlik bolmadyklara (10–15 ýyldan az) toplanan serişdeleriň diňe bir gezeklik öwezini dolmak mümkinçiligi berilýär.

düýn 18:53
16k+

Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir...

düýn 18:08
5.8k+

Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi

Fransiýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar Institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Fransiýada dogluş derejesi 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi. Agentligiň maglumatlarynda 2025-nji ýylda ýurt boýunça 654,000 çaga doglandygy aýdylýar...

düýn 18:01
2.8k+

Bloomberg: ýapon ýenasynyň dollardaky hümmeti 2024-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi

Ýaponiýada mümkin bolan irki parlament saýlawlary baradaky çaklamalar sebäpli ýena 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri dollara garşy iň pes derejä düşdi. Bu barada Bloomberg bu barada habar berdi. «Sişenbe güni ýapon walýutasy 0,5% pese gaçdy we 2025-nji ýylyň ýanwarynda bellenen 158,87 pes derejesindende aşak düşdi...

düýn 11:05
1.3k+

Emeli aň geçen ýyl IT pudagynda 240 müň işgäriň işden çykarylmagyna sebäp boldy

RationalFX kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda global tehnologiýa pudagynda 244 851 işgär kemeldi. Çünki, Intel, Amazon we Microsoft ýaly uly kompaniýalar emeli aň tehnologiýalaryna uly möçberde maýa goýmagyny dowam etdirýär...