Emeli aň geçen ýyl IT pudagynda 240 müň işgäriň işden çykarylmagyna sebäp boldy

  • 14.01.2026 11:05
  • 1.9k+

RationalFX kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda global tehnologiýa pudagynda 244 851 işgär kemeldi. Çünki, Intel, Amazon we Microsoft ýaly uly kompaniýalar emeli aň tehnologiýalaryna uly möçberde maýa goýmagyny dowam etdirýär.

Işden çykarylan  işgärleriň sany boýunça ABŞ birinji orunda durýar – 220 kompaniýadan 170 630 adam. Ikinji orny Hindistan (19 049), üçünji orny Ýaponiýa (11 608) eýeleýär.
Ýewropada, esasan, Irlandiýa (11 500), Ispaniýa (7 450), Şweýsariýa (5 165) we Şwesiýa (3 718) zyýan çekdi.
RationalFX-iň analitigi Alan Koen 2025-nji ýylyň tehnologiýa pudagynda zähmet bazary üçin iň agyr ýyllaryň biri bolandygyny belledi. «Işden çykarma dünýäde ýüzlerçe müň işgäre täsir etdi, kompaniýalar netijeliligi we girdejililigi ýokarlandyrmak maksady bilen iş proseslerini EA-nyň töwereginde gurup başlady» — diýip, ol belledi.
Bilermenleriň hasaplamalary boýunça, işden çykarma ýagdaýlarynyň 69 840-ysy gönüden-göni EA-nyň ornaşdyrylmagy we awtomatizirleme bilen baglanyşyklydyr. Intel 33 900 işgäri, Amazon 19 555 işgäri (şol sanda 14 000-üsi EA sebäpli), Microsoft 20 009 işgäri işden çykardy. Umuman alanyňda, üç kompaniýa 72 700-den gowrak adamy işden çykardy.
Koeniň pikiriçe, işden çykarmalar 2026-njy ýylda birden togtamaz we azyndan birinji çärýegiň ahyryna çenli dowam eder. 


26.02.2026 09:36
2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.8k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

29.01.2026 10:25
4.5k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...