«Indi biz ahyrky derejämize düşdük»: «Real» 2-nji liganyň toparyndan utulyp, Ispaniýanyň Kubogyndan çykdy

  • 15.01.2026 16:09
  • 14k+

Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 final oýnunda Madridiň «Realy» «Albaseteden» 2:3 hasabynda garaşylmadyk ýagdaýda utuldy. Aýgytly gol oýnuň ikinji ýarymyna goşulan wagtda geçirildi. Duşuşyk Albasete şäherindäki «Karlos Belmonte» stadionynda boldy.

42-nji minutda Hawi Wilýar ýer eýelerini öňe çykardy. Arakesmeden öň Franko Mastantuono hasaby deňledi. 82-nji minutda Hefte ýene-de «Albaseteni» öňe çykardy. Gonsalo Garsiýa eýýäm oýna goşulan wagtda (90+1) hasaby deňledi, ýöne ýene birnäçe minutdan Hefte ikinji goluny girizdi (90+4).
«Albasete» häzirki wagtda 21 tapgyrdan soň Ispaniýanyň ikinji ligasynyň ýaryş jedwelinde 17-nji orny eýeleýär.   
Bu oýun «Real» üçin täze baş tälimçi Alwaro Arbeloanyň ýolbaşçylygynda birinji boldy. Oýundan soň ispaniýaly hünärmen ýeňliş üçin jogapkärçiligi öz üstüne aldy.

«Eger günälini gözlemeli bolsa, ilkinji nobatda, men: men düzümi saýladym, oýun stilini kesgitledim we oýunçylary çalyşdym. Oýunçylara diňe meni kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, olara fiziki we psihologik taýdan dikelmäge kömek edip bilerin. Men düzümi saýlanymda ynamlydym. Futbolçylar zehinli, ýöne olara meniň soraýan zadymy birbada ýerine ýetirmek aňsat däl. Ahyrynda jogapkärçilik meniň boýnuma galýar» – diýip, Marca neşiri Arbeloanyň sözlerini getirýär.

Ozal hünärmen bu wezipede watandaşy Habi Alonsony çalyşdy. KHBS «Realyň» eýýäm Arbeloany işden çykarmak barada pikirlenýändigini ýazýar. Ýolbaşçylyk oňa gutarnykly çözgüt kabul etmezden ozal ýene bir oýun bermeli diýip hasaplaýar.
Madridlileriň goragçysy Dani Karwahal toparyň entek möwsümiň gidişini üýtgedip biljekdigini aýdýar.

«Meniň pikirimçe, şu gün biz ahyrky derejämize düşdük. Bizi ikinji diwizionyň topary ýaryşdan çykardy. Olary gutlaýaryn. Ertirden başlap biz hem şahsy, hem topar derejesinde öz üstümizde işläp başlarys. Möwsümiň gidişini üýtgetmek üçin entek wagt bar» – diýip, ESPN Karwahalyň sözlerini getirýär.

«Real» indiki oýnuny 17-nji ýanwarda Ispaniýanyň çempionatynda «Lewante» garşy geçirer. 


düýn 22:49
3k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......