Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady

  • 20.01.2026 23:00
  • 3.4k+

Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Günüň proton akymlarynyň güýçlüligi 37 müň birlige ýetdi. Barlaghana radiasiýa tupanynyň indiki, teoretik derejesi bolan S5-iň häzirki gözegçiligiň taryhynda hiç haçan hasaba alynmandygyny belledi. XX asyrda hasaba alnan iň ýokary dereje, takmynan, 40 müň birlige ýetipdi.
Ýerdäki adamlar üçin howp ýok. Alymlar Gün bölejikleriniň planetamyzyň üstüne ýetmejekdigini, sebäbi magnit meýdanynyň we atmosferanyň Ýeri goraýandygyny belledi. Ýöne astronawtlar we polýar ugurlarda ýokary beýiklikde uçýan uçarlaryň ýolagçylary üçin töwekgelçilik saklanýar.
Esasy agram kosmos enjamlaryna düşýär. Hatda radiasiýa durnukly elektronika ulanylanda-da, şeýle ýokary proton akymlary hemralaryň ýat çiplerinde näsazlyklara, kameralarda bökdençlikleriň ýokarlanmagyna, ýyldyz trekerleriniň işinde ýalňyşlyklara, şeýle-de Gün panelleriniň netijeliliginiň peselmegine getirip biler. Müňlerçe Starlink internet hemrasy-da howp astyna düşdi.
Hadysanyň netijesinde ýiti polýar şöhlelenmeleri döredi. 


22.03.2026 16:34
3.7k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.2k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...