Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani 93 ýaşynda aradan çykdy

  • 20.01.2026 14:32
  • 7.9k+

Italýan modelýeri, Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani Rimde öýünde aradan çykdy. Bu barada 19-njy ýanwarda Corriere della Sera gazeti habar berdi.

Ol 93 ýaşyndady.
Walentino Garawani 1960-njy ýylda Jankarlo Jametti bilen bilelikde Valentino moda öýüni esaslandyrdy. Brend eýýäm işläp başlan ilkinji ýyllarynda giňden tanalyp, Golliwudyň ýyldyzlary we ýokary gatlagyň wekilleri bilen işleşip başlady.
Ilkinji uly üstünlik 1962-nji ýylda Florensiýada Valentino-nyň Gotha moda görkezilişinden soň gazanyldy. Şonda brendiň wizitkasyna öwrülen we gyzyl ýodada öňe saýlanýan mämişi-gyzyl reňk – Rosso Valentino hödürlendi.
Valentino moda öýi Elizabet Teýlor, Odri Hepbýorn, Sofi Loren, şa gyzy Diana, şa gyzy Margaret üçin egin-eşikleri, şeýle-de Enn Heteueý, Jennifer Lopez, Sofi Hanter we Şwesiýanyň şa gyzy Madlen üçin toý köýneklerini döretdi. 1963-nji ýylda brend Žaklin Kennedi üçin alty sany ýas geýimini tikdi.
1998-nji ýylda esaslandyryjylar moda öýüni HdP toparyna satdy, 2002-nji ýylda bolsa ol Marzotto toparyna geçdi. Walentino 2007-nji ýyla çenli çeperçilik ýolbaşçysy bolup galdy we şol ýylyň sentýabrynda moda pudagyndan gidýändigini mälim etdi.
Şondan soň modelýer öz eskizleriniň we işleriniň sergilerini gurnady, 2016-njy ýylda bolsa «Trawiata» operasyna prodýuserlik etdi hem kostýum hudožnigi bolup çykyş etdi.

11.06.2026 13:03
7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....