20-23-nji ýanwarda Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär

  • 20.01.2026 13:41
  • 1.9k+

20-23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň 2025-nji ýylda maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti belleýär.

SPECA hepdeligi ýokary derejeli halkara duşuşyklary, şol sanda ykdysady forumy we SPECA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň 20-nji sessiýasyny özünde jemleýär.
SPECA 1998-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek we olary dünýä ykdysadyýetine utgaşdyrmak maksady bilen döredildi. Oňa Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan gatnaşýar. Işleri utgaşdyrmagy BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy amala aşyrýar.

Türkmenistan başlyklyk edýän döwründe sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegi we aşakdaky ugurlary esasy wezipeler hökmünde kesgitledi:

  • Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek;
  • Söwda we ulag gatnaşyklaryny berkitmek;
  • Energetika hyzmatdaşlygy we sanlylaşdyrmak;
  • Ekologiýa meseleleri we dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak;
  • Ulag geçelgelerini ösdürmek we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek.

Hepdeligiň dowamynda ykdysadyýet, energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak hem-de sebitiň ulag we sanly ulgamdaky arabaglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan SPECA-da 2010–2011-nji ýyllarda üstünlikli başlyklyk etdi we 2012-nji ýylda bu wezipä gaýtadan saýlandy. Şeýle hem, gezekli-gezegine başlyklyk etmek düzgünine laýyklykda, ýurdumyz 2019-njy ýylda hem bu wezipäni ýerine ýetirdi.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......