Aşgabatda aprelde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçiriler

  • 16.01.2026 11:25
  • 1.9k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu ýylyň 8 – 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Gatnaşyjylary we toparlaryň ýolbaşçylaryny hasaba almak 15-nji ýanwardan 1-nji aprele çenli dowam eder.
Olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň mekdep okuwçylary hem-de mekdepleriň uçurymlary çagyrylýar. Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Bäsleşikler şahsy bäsleşik görnüşde bir tapgyrda çylşyrymlylygy boýunça iki derejede (A we B) geçiriler.
A derejesi 20 ýaşa çenli bolan gatnaşyjylar – mekdep okuwçylar we olimpiadanyň geçirilýän döwründe öz ýurdunyň mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar üçin niýetlenendir. B derejesi bolsa ýaşy 15,5-den uly bolmadyk orta mekdepleriň okuwçylaryny birleşdirer. Her ýurtdan gatnaşýanlaryň sanyna her iki kategoriýa boýunça hem çäklendirme goýulmaýar.
Myhmanlary kabul edýän tarap gatnaşyjylaryň we topar ýolbaşçylarynyň olimpiada geçýän döwründäki ähli çykdajylaryny, şol sanda ýaşajak ýerini, iýmitini, ýurduň içindäki ulag hyzmatlaryny we medeni-gezelenç maksatnamasyny öz üstüne alýar.
Gatnaşmak we hasaba almak meseleleri boýunça guramaçylyk toparyna şu telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: +993 12 448409, +993 12 398550, +993 65 809906 ýa-da turkmenmatholymp@gmail.com elektron poçtasyna ýüzlenip bilersiňiz.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......