2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

  • 16.01.2026 09:05
  • 3k+

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär.

Iň yssy ýyl 2024-nji ýyl bolmagynda galýar, onuň yzyndan 2023-nji we 2025-nji ýyllar gelýär.
Geçen ýyl ortaça ýyllyk temperatura industrialdan öňki derejeden 1,44 gradus ýokary boldy. Alymlar howanyň ýylamagynyň häzirki depgininde Pariž şertnamasynyň 1,5 gradus çäginden eýýäm 2020-nji ýyllaryň ahyryna çenli geçilip bilinjekdigini duýdurýar – bu bolsa 2015-nji ýyldaky ilkinji çaklamalardan on ýyldan gowrak wagt irdir.

«Hakykatda, 1,5 gradus çägi saklamak maksady başa barmady. Howply klimat kollapsy eýýäm başlady, ýöne dünýäniň muňa taýýardygynyň ýa-da çynlakaý üns berýändiginiň alamatlary az» – diýip, Uniwersitet kollejiniň professory Bill Makguaýr belledi.

2025-nji ýylyň ýanwary gözegçiligiň taryhynda iň yssysy, mart, aprel we maý bolsa ýylylygy boýunça ikinji aýlar boldy. 2025-nji ýylyň fewraldan we dekabrdan başga her aýy diýen ýaly 2023-nji ýyldan öňki islendik degişli aýdan ýyly boldy. 


23.05.2026 23:48
3.3k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

11.05.2026 11:37
4.8k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

24.03.2026 07:08
4.2k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...