2025-nji ýylda dünýä ummanynyň temperaturasy rekord derejede ýokary boldy

  • 14.01.2026 11:03
  • 2.8k+

2025-nji ýylda dünýä ummany rekord mukdarda ýylylygy özüne siňdirdi, bu hem täze temperatura rekordyna sebäp bolup, adatdan daşary howa hadysalaryny güýçlendirdi. Bu barada Advances in Atmospheric Sciences žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär.

Alymlaryň maglumatlaryna görä, bug gazlarynyň zyňyndylary bilen baglanyşykly artykmaç ýylylygyň 90%-den gowragy hut ummanda ýygnanýar. Bu hem ony klimat çökgünliginiň möhüm görkezijisine öwürýär.
Suwuň temperaturasynyň ýokarlanmagy harasatlary we taýfunlary güýçlendirýär, güýçli ýagyşlaryň we suw joşgunlarynyň ýygylygyny artdyrýar, dowamly deňiz ýylylyk tolkunlaryna sebäp bolýar we suwuň giňelmeginiň hasabyna deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.
2025-nji ýylda umman, esasan, Atlantik ummanynyň tropiki we günorta böleklerinde, Ýuwaş ummanyň demirgazyk böleginde we Günorta ummanda has çalt gyzdy.
Şeýle-de, alymlar Demirgazyk Atlantikdäki we Ortaýer deňzindäki üýtgeşmeleri belläp geçdi: ol ýerde suw has ýyly, duzly, has turşy we kisloroda garyp bolýar. Bu hem deňiz ekoulgamlary we kenarýaka zolaklaryndaky ýaşaýyş üçin howp döredýär. 


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......