Volkswagen we SAIC uly ID. Era 9X gibrid krossoweriniň jikme-jikliklerini mälim etdiler

  • 13.01.2026 13:51
  • 2.7k+

Volkswagen we SAIC bilelikdäki kärhanasy aprel aýynda doly ölçegli ID. Era gibrid krossowerini resmi taýdan tanyşdyryp, seriýaly önümçiligine başlar. Şeýle-de bolsa, awtoulagyň suratlary we esasy häsiýetnamalary eýýäm internetde peýda boldy diýip, AutoHome neşiri ýazýar.

Modeliň suratlary ilki Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlar bazasynda peýda boldy, soňra bolsa kärhananyň özi tarapyndan paýlaşyldy. Täze modeliň satuwyna ýylyň birinji ýarymynda başlamak meýilleşdirilýär.
Şanhaý awtoulag sergisinde öň konsept hökmünde görkezilen model, önümçilik görnüşinde hem üýtgewsiz diýen ýaly galdy. Krossower özüne mahsus sudury, hytaý VW modelleri üçin adaty bolmadyk öň çyralaryny (optikasyny) we adaty radiator gözeneginiň ýerine bitewi öň panelini saklap galdy. Bamperdäki howa girýän ýer hem paneller bilen örtülen, ýöne bu ýerde işjeň žalýuzlaryň (active shutters) ulanylmagy ähtimaldyr.
Awtoulagyň daşky dizaýnynyň aýratynlygy gök reňkli dekoratiw yşyklandyryş bolar.
Önümçilik wersiýasy ID. Era 9X adyny alar. Modeliň ölçegleri:

  • Uzynlygy: 5207 mm;
  • Ini: 1997 mm;
  • Beýikligi: 1810 mm;
  • Teker bazasy: 3070 mm.

Ölçegleri boýunça ID. Era 9X markanyň meşhur Teramont we Talagon modellerinden hem uludyr. Teker diskleriniň ölçegi 21 dýuýma çenli ýetýär.
Ähli wersiýalar 143 at güýjüne eýe bolan 1,5 litrlik benzinli hereketlendiriji bilen üpjün edilen. Esasy modelde yzky okda 299 at güýjüni berýän bir elektrik hereketlendirijisi ýerleşdirilen. WLTC sikline laýyklykda, diňe elektrik güýji bilen ýöreýiş ätiýaçlygy 267 km-den 340 km-e çenli (batareýanyň göwrümine baglylykda) ýetýär. Doly çekişli (4WD) wersiýasynda bolsa öň tarapa 218 at güýjüne eýe bolan goşmaça elektrik motor goşulýar.
Volkswagen ID. Era 9X-iň seriýaly önümçiligine aprel aýynda başlamak meýilleşdirilýär.


27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......