Kia 2027-nji ýylyň täzelenen Telluride modeliniň bahasyny mälim etdi

  • 12.01.2026 22:43
  • 4k+

Günorta Koreýanyň Kia awtoulag öndürijisi 2027-nji model ýylynyň täzelenen Telluride krossoweriniň bahalaryny we tehniki häsiýetnamalaryny resmi taýdan aýan etdi. Awtoulagyň başlangyç bahasy esasy LX toplumy üçin 40 735 dollar, iň ýokary enjamlaşdyrylan SX Prestige X-Pro wersiýasy üçin bolsa 58 335 dollar bolar.

Modelde düýpli tehniki üýtgeşmeler amala aşyryldy. Atmosferaly 3,8 litrlik V6 hereketlendirijisiniň ýerine, krossower indi 274 at güýjüne eýe bolan 2,5 litrlik turbo motor bilen üpjün edildi.
Awtoulagyň ölçegleri hem ulaldy: teker bazasy (wheelbase) tas 7 sm artdy, bu bolsa salonyň we ýük bölüminiň giňelmegine mümkinçilik berdi. Satyn alyjylar öňden çekişli ýa-da doly çekişli (4WD) modifikasiýalary saýlap bilerler, doly çekiş ulgamy üçin goşmaça töleg 2000 dollara deňdir.
Esasy toplumyň (komplektaşiýanyň) aýratynlyklary:

  • 18 dýuýmlyk teker diskleri;
  • Lýuminoforly (LED) optika;
  • 12,3 dýuýmlyk ekrana eýe bolan medioulgam.

Ýokary toplumlarda bolsa 21 dýuýma çenli teker diskleri we Meridian audio ulgamy hödürlenilýär. Mundan başga-da, X-Pro modifikasiýasy 23 sm ýol aralygyna (klirens), güýçlendirilen asma (podweska) ulgamyna we differensialyň elektron blokirofkasyna eýe boldy. 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda bolsa modeliň gibrid wersiýasynyň çykmagyna garaşylýar.
Häzirki nyrhlary bilen 2027-nji ýylyň Kia Telluride modeli Chevrolet Traverse (42 795 dollar) we Honda Pilot (43 690 dollar) ýaly bäsdeşlerinden has elýeterli göründi. Ford Explorer (40 160 dollar) we Dodge Durango (40 990 dollar) modelleri bilen bolsa nyrhlar meňzeş derejededir.


09.05.2026 12:43
3.2k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.8k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....