Mercedes-Benz 52 ýylda ilkinji gezek Ýewropada «Ýylyň awtomobili» adyny aldy

  • 12.01.2026 16:36
  • 3.6k+

Mercedes-Benz CLA Ýewropada «Ýylyň awtomobili 2026» diýlip ykrar edildi. Bäsleşigiň netijesi Brýusseldäki Halkara awtosalonyň çäklerinde geçirilen gala agşamynda yglan edildi.

Ýeňiji 23 Ýewropa ýurdundan 59 awtomobil žurnalisti tarapyndan kesgitlendi. Ses berişlik «Ýewrowideniýe» bäsleşigi bilen meňzeş ulgam boýunça geçirildi we eminler utuklary finalçylaryň arasynda paýlady.
Häzirki möwsüm baýragyň taryhynda 63-nji boldy. Finalda Mercedes-Benz CLA beýleki alty modelden öňe geçdi.

  • Emin agzalarynyň ses bermeginiň netijesi:
  • Mercedes-Benz CLA — 320 bal
  • Škoda Elroq — 220 bal
  • Kia EV4 — 208 bal
  • Citroën C5 Aircross — 207 bal
  • Fiat Grande Panda — 200 bal
  • Dacia Bigster — 170 bal
  • Renault 4 — 150 bal

Mercedes-Benz üçin bu ýeňiş bäsleşigiň taryhynda ikinji boldy. Soňky gezek brend baş baýragy 1974-nji ýylda aldy. Şol wagt ýeňiji Mercedes-Benz 450 SE/SEL bolupdy.
Mundan başga-da, Mercedes-Benz CLA iň köp birinji orny aldy – ony 22 emin agzasy birinji orunda goýdy. Citroën C5 Aircross 15 žurnalist üçin öňdebaryjy boldy. Fiat Grande Panda awtoulagy 9 birinji orny, Škoda Elroq — 8, Kia EV4 — 2 birinji orny aldy. Şu ýyl emin agzalarynyň hiç biri Renault 4-i birinji orunda goýmady.
2025-nji ýylda Ýewropada «Ýylyň awtomobili» adyny Renault 5 E-Tech alypdy.


04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

03.06.2026 11:52
7.2k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....