BYD taksi we korporatiw awtoparklar üçin bazara täze Linghui brendini çykarýar

  • 11.01.2026 21:26
  • 4.2k+

BYD kompaniýasy diňe korporatiw müşderiler we taksi parklary üçin niýetlenen täze Linghui («Linhueý») brendini işe girizýär. Brendiň ilkinji modelleri barada maglumatlar Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň bazasynda hödürlendi.

Täze hatarda kiçi model Qin Plus EV sedanynyň köne wersiýasyna esaslanan Linghui e5 bolar. Elektromobil ýönekeýleşdirilen dizaýna we 136 at güýjüni berýän hereketlendirijä eýe boldy. Awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 130 km bilen çäklenýär. Batareýa barada maglumat entek ýok.
Model hatarynda ortaky orny täzelenen logotipler bilen BYD e7-niň ady üýtgedilen wersiýasy Linghui e7 eýeledi. Onuň tehniki bölegi 136 a.g. kuwwatly hereketlendirijini we 48 ýa-da 57,6 kWt/sag sygymly akkumulýatory öz içine alýar. Ulagyň geçýän menzili 520 km çenli.
Flagman roluny BYD Han EV ulagyna esaslanýan Linghui e9 aldy. Bu elektromobil 204 at güýjüne çenli kuwwatly hereketlendiriji bilen üpjün edilýär. Batareýanyň hem 60,5 kWt/sag sygymly bolmagyna garaşylýar. Elektromobiliň geçýän menzili, takmynan, 500 km bolar.  


16.04.2026 19:09
13k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....

04.04.2026 21:33
4.3k+

Tesla kompaniýasy BYD-dan öňe geçip, elektromobil ibermek boýunça liderligini yzyna gaýtardy

Ilkinji üç aýyň jemleri boýunça Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri ilkinji gezek Hytaýyň BYD kompaniýasyndan elektromobil üpjünçiliginiň möçberi boýunça öňe geçmegi başardy....

14.03.2026 09:25
4.1k+

Hytaý awtoulaglary ýurduň içindäkä garanyňda, daşary ýurda has köp satylýar

Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri daşary ýurt bazarlaryna barha köp üns berip ugradylar. Ýurduň içinde satuwyň ösüşiniň haýallamagy kompaniýalaryň Hytaýdan daşarda täze müşderileri has işjeň gözlemäge mejbur edýär...

12.03.2026 10:59
3.2k+

BYD-niň kaşaň sedany gaýtadan zarýad berilmezden 1000 km-den gowrak ýol geçip bilýär

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi özüniň Yangwang U7 lyuks sedanyny täzeledi. Täzelenmelere Blade batareýalarynyň ikinji nesli we täze Flash Charging has çalt zarýad beriş ulgamy girýär. Esasy üýtgeşiklik ýöreýiş ätiýaçlygynyň artmagydyr...