«Nýukasl» APL-iň taryhynda iň giçki ýeňiş goluny geçirdi

  • 08.01.2026 14:32
  • 5.8k+

«Nýukaslyň» wingeri Harwi Barnsyň Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň «Lidse» garşy oýnunda geçiren goly Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň giçki ýeňiş goly boldy. OptaJoe-niň X sosial ulgamynda habar berşi ýaly, gol duşuşygyň 102-nji minutynda, has takygy, 101:48-de girizildi. Şeýle statistika 2006/2007 möwsüminden bäri ýöredilýär.

Oýun «Nýukaslyň» peýdasyna 4:3 hasabynda tamamlandy. Şol bir wagtyň özünde, oýnuň dowamynda topar hasapda üç gezek yza galdy – 0:1, 1:2 we 2:3.
Barns oýunda iki gol bilen tapawutlandy. Ol bu oýunda öz toparynyň ilkinji we soňky goluny geçirdi.
Bu ýeňşiň netijesinde «Nýukasl» utuk sanyny 32-ä ýetirdi we Angliýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde altynjy orny eýeleýär. «Lids» 21 tapgyrdan soň 22 utuk bilen 16-njy orunda ýerleşýär.
APL-iň indiki oýnuny «Nýukasl» 18-nji ýanwarda geçirer. Topar «Wulwerhempton» bilen duşuşar. Mundan öň «Nýukasl» milli kuboklarda oýnar: 10-njy ýanwarda topar Angliýanyň Kubogynda «Bornmut», 13-nji ýanwarda Liganyň kubogynda «Mançester Siti» bilen duşuşar. 


düýn 23:57
1.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......