Samsung CES 2026 sergisinde dünýäde ilkinji 130 dýuýmlyk Micro RGB telewizoryny hödürledi

  • 07.01.2026 14:05
  • 4k+

Samsung kompaniýasy dünýäde ilkinji 130 dýuýmlyk Micro RGB tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan R95H modelini tanyşdyrdy. Täze önümiň tanyşdyrylyşy Las-Wegasda geçirilýän halkara elektronika sergisi bolan CES 2026-yň çäginde boldy.

Samsung Electronics kompaniýasynyň wizual displeýler bölüminiň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hun Liniň sözlerine görä, bu tehnologiýa “şekil hili babatynda innowasiýalaryň iň ýokary derejesidir”.
Telewizor binagärlik formalaryndan ylham alnyp döredilen Timeless Frame atly konseptual çarçuwa ýerleşdirilipdir. Bu dizaýn ekranyň howada gaýyp duran illýuziýasyny döredýär we enjamy interýeriň merkezi elementine öwürýär. Çarçuwanyň içine gurnalan akustiki ulgam bolsa, otagy goşmaça kolonkalardan we simlerden azat edýär.
R95H modeliniň "içki dünýäsi" hem dizaýny ýaly täsirli:

  • Micro RGB AI Engine Pro we Color Booster Pro: Bu intellektual ulgamlar neýron torlaryny ulanyp, şekili şol pursatda (reallykda) işläp düzýär, ýagtylygy we kontrasty optimallaşdyrýar.
  • Precision Color 100: Iň garaňky ýa-da iň ýagty sahnalarda hem reňkleriň doly, janly we tebigy öwüşginlerini saklap, iň uşak jikme-jiklikleri görkezmegi üpjün edýär.
  • Glare Free örtügi: Gün şöhlesinden ýa-da öýdäki çyralardan düşýän ýalkymy (blik) aradan aýryp, islendik ýagtylykda oňaýly tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.

Täze önümiň satuwa çykaryljak senesi we bahasy häzirlikçe mälim edilmedi.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...