Täze Toyota Land Cruiser 300 gibridi Lexus LX500d Luxury-dan gymmat bolar

  • 07.01.2026 10:59
  • 9.8k+

Awstraliýada gibrid Toyota Land Cruiser 300 çykmaga taýýarlanýar. Ol bazarda SUV ulagyň iň gymmat görnüşi bolup, bahasy boýunça hatda Lexus LX500d Luxury-dan hem öňe geçer. Bu barada Drive neşiri ýazýar.

Tehniki taýdan model Lexus LX700h-i gaýtalaýar: ol 341 kWt kuwwaty we 790 Nm aýlanma güýjüni berýän gibrid enjam bilen iki turbinaly 3,5 litrlik V6 benzin hereketlendirijisine eýe bolar. Elektrikleşdirilen hereketlendiriji diňe Sahara GX we GR Sport wersiýalarynda oturdylar. Deslapky hasaplamalara boýunça, gibridiň bahasy, takmynan, 112 müň ABŞ dollaryna barabar. Bu bolsa başlangyç Lexus LX500d Luxury-nyň bahasyndan (109 müň dollar) ýokarydyr.
Gibrid V6-nyň ýangyç sarp edişi 100 km üçin 10,0 litre deň. Deňeşdirmek üçin, benzin V6 11,9 litr sarp edýär, dizel enjam bolsa 8,9 litr görkezijisi bilen iň tygşytlysy bolup galýar. Şol bir wagtyň özünde, çekiş mümkinçilikleri üýtgewsiz galdy – awtomobil 3500 kg çenli agramdaky tirkegi çekip bilýär.
Land Cruiser 300 Hybrid-i 2026-njy ýylyň martynda satuwa çykarmak meýilleşdirilýär. Lexus LX700h-iň satuwy bolsa şol ýylyň birinji ýarymynda başlar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......