«Strasburgdan» Liam Rosenýor «Çelsiniň» täze baş tälimçisi bolar

  • 06.01.2026 14:19
  • 3.8k+

Londoniň «Çelsi» toparynyň täze baş tälimçisi häzirki wagtda Fransiýanyň «Strasburg» klubuna ýolbaşçylyk edýän Liam Rosenýor bolar. Hünärmeniň özi bu maglumaty insaýder-žurnalist Fabrisio Romano bilen bolan söhbetdeşliginde tassyklady.

Žurnalist Rosenýoryň: «Hawa, men dünýäniň iň gowy klublarynyň biri bolan „Çelsiniň“ täze baş tälimçisi bolmaga taýýarlanýaryn» diýen sözlerini getirdi.

Mundan ozal, 1-nji ýanwarda «Çelsiniň» ýolbaşçylygy baş tälimçi wezipesini eýeläp gelen Enso Mareskany wezipesinden boşadypdy.
Rosenýor 41 ýaşynda. Ol ozal Angliýanyň üçünji we ikinji diwizionlarynda çykyş edýän «Derbi» we «Hall» toparlarynda işledi. 2024-nji ýyldan bäri hünärmen «Strasburga» tälim berýär. Bu klub iş ýüzünde «Çelsiniň» farm-kluby (kömekçi topary) hasaplanýar, sebäbi toparlaryň eýeleri birdir.
Häzirki möwsümde «Strasburg» Konferensiýalar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ýeňiji boldy we Fransiýanyň 1-nji ligasynda ýedinji orunda barýar.


düýn 23:41
2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......