Toyota Land Cruiser Prado metal gorag elementleri bilen üýtgeşik wersiýa eýe boldy

  • 06.01.2026 15:15
  • 10k+

Kuhl Racing ýapon týuning-atelýesi Blocker Iron Build atly taslamany yglan etdi. Ony Tokio sergisinde görkezmek meýilleşdirilýär. Taslama üçin esas hökmünde Toyota Land Cruiser Prado alyndy.

Awtomobiliň ýerden beýikligi asgyçdaky (podweska) üýtgeşmeleriň we adaty bolmadyk tigirleriň hasabyna artdyryldy hem-de köp sanly metal gorag elementleri bilen üpjün edildi. Taslamanyň resmi premýerasy entek geçirilmedi, ýöne baha eýýäm belli: standart hereketlendirijili taýýar awtomobiliň bahasy 6 790 000 ýena (takmynan, 43,3 müň dollar) barabar.
Ulagyň asgyjy Jaos ýapon atelýesiniň komponentlerini ulanmak bilen gaýtadan işlendi. Şeýle-de, Land Cruiser Prado üýtgeşik dizaýnly 22 dýuýmlyk tigir diskleri we daşlardan, palçykdan, çägeden ýöremek üçin niýetlenen 37 dýuýmlyk Yokohama Geolandar M/T G003 tekerleri bilen üpjün edildi. Şeýle üýtgeşmeleriň netijesinde awtomobiliň ýerden beýikligi 400 millimetre ýetýär.
Mundan başga-da, kuzowyň goragyna aýratyn üns berildi. Awtomobiliň bamperlerinde, bosagalarynda we tigir arkalarynda berk metal elementler oturdyldy. Şeýle-de, awtoulagyň aşaky bölegi goraga eýe boldy we üçekde ekspedisiýa bagaž konstruksiýasy ýerleşdirildi. Ulagyň yzky bölegine birbada iki spoýler goşuldy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......